JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze maldarçylyk toplumy işe girizildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Maldarçylyk, guşçulyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek, weterinariýa barlaglarynyň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, öri meýdanlary rejeli peýdalanmak boýunça geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň, gaýtadan işlenilişiniň usullaryny kämilleşdirmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenendir. Importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, eksport harytlarynyň möçberini artdyrmak bilen bagly döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde taýýar et we süýt önümlerini öndürmek üçin doly önümçilik tapgyrly iri maldarçylyk, guşçulyk toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumynyň işe girizilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

Maldarçylyk toplumynda saklanýan iri şahly mallar baradaky maglumatlar ýörite boýunbaglardaky çiplerde ýerleşdirilip, mallara berkidilýär. Çiplerde her malyň tohum ugry, saglyk ýagdaýy, gündelik sagylýan süýdüň mukdary, keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler we beýleki birnäçe maglumatlar jemlenendir. Bölümdäki ýörite ekranda mallaryň saklanýan ýerlerini görmek, her bir mal baradaky maglumat bilen tanyşmak bolýar. Beýleki ekranda bolsa maldarçylyk toplumynyň esasy girelgesinden giriş-çykyşa gözegçilik edilip, hasaba alynýar. Ýene-de bir ekranda bolsa topluma degişli oba hojalyk tehnikalary bilen ýerine ýetirilýän önümçilik işlerine gözegçilik etmäge mümkinçilik bar.

Hormatly Prezidentimiz toplum bilen tanyşlygyny dowam etdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumynyň işi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, maldarçylyk toplumynyň işini döwrebap usulda alyp barmak, mallaryň idegini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin edara, barlaghana, naharhana binalary hem-de jemi 500 baş maly saklamaga niýetlenen üç sany bölüm, 200 baş göle saklanýan iki bölüm, sagym bölümi, ot-iým meýdançasy, ýapyk görnüşli iým ammary hereket edýär. Şeýle hem weterinariýa we karantin binalary, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýöriteleşdirilen awtoulaglary saklamak üçin kömekçi desgalar bar.

Wise-premýer hormatly Prezidentimize Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurulmagy teklip edilýän, ýylda 15 million ýumurtga we 1000 tonna towuk etini öndürýän guşçulyk hem-de 1000 baş iri şahly maly saklamaga niýetlenen maldarçylyk toplumlarynyň taýýarlanan şekil taslamalary barada-da hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça döwlet syýasatynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini artdyrmaga gönükdirilendigini belläp, toplumda döredilen döwrebap şertleriň önümçiligi ýokary derejede alyp barmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Prezidentine we Tailandyň Patyşasyna gynanç bildirdi

“Makul habar” elektron gazeti (44-sany)

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine nobatdaky iş sapary

Türkmenistanda 1-nji dekabrdan 200 manatlyk banknot dolanyşyga giriziler

Ata Watan Eserleri

Ilçi Ahmed Al Hameli: BAE Türkmenistanyň esasy 3-nji söwda hyzmatdaşy

Täze ýyl arçalaryny bezemek boýunça işleri ýokary hilli ýerine ýetirler