JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz Estoniýanyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karisi hem-de ýurduň halkyny Estoniýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Prezident Alar Karise berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Estoniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Estoniýanyň döwlet baýramçylygy, her ýyl 24-nji fewralda, Estoniýa Respublikasynyň döredilen senesi hasaplanýan 1918-nji ýylda Estoniýanyň Garaşsyzlyk Jarnamasynyň Tallinde kabul edilmeginiň hormatyna bellenilýär.

 

16 ýaşynda dünýä çempionyny ýeňdi

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy