JEMGYÝET

Hindistanda syýahatçylyk wizasy arzanlaýar

Hindistanyň hökümeti ýurda gelýän syýahatçylar üçin elektron wizalaryň bahasyny iki esse arzanlatdy. Bu hakda hökümediň resmi portalynda habar berilýär.

Täze nyrhlara görä, ýurda aprel ― iýun aýlarynda gelýän syýahatçylar üçin 30 günlük wizasynyň bahasy 10, iýul ― mart aýlary aralygynda gelýänler üçin bolsa 25 dollar. Şeýle hem Hindistana bir ýyllyk wiza almak üçin 40, bäş ýyllyk wiza üçin 80 dollar tölemeli.

30 günlük elektron wiza Hindistana iki gezek girip-çykmaga mümkinçilik berýär. Bir we bäş ýyllyk wizalar bolsa syýahatçylara bu ýurda islän wagty gelip-gitmäge mümkinçilik berýär. Ýöne her gezekki syýahatyň dowamlylygy 90 günden geçmeli däldir.

Ýene-de okaň

Wepa Hajiýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili boldy

Türkmenistan Amerika täze ilçi belledi

Halkara zenanlar güni mynasybetli 8-nji martdaky dynç güni 9-njy marta geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we «Arkadag» futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar