SPORT

Hindistanda Bütindünýä küşt olimpiadasy başlady

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi we Tamilnad ştatynyň baş ministri Muthuwel Karunanidhi Stalin Bütindünýä küşt olimpiadasyna badalga berdi. Ol Tamilnad ştatynyň merkezi Çennaý şäherinde geçirilýär.

Bütindünýä küşt olimpiadasynyň açylyş dabarasy Jawaharlal Neru adyndaky stadionda geçirilip, ol burduň teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda alnyp berildi.

Olimpiada 10-njy awgusta çenli dowam edip, Çennaý şäheriniň golaýyndaky  taryhy Mahabalipuram şäherinde geçiriler.

– Ilkinji gezek Bütindünýä küşt olimpiadasy sportuň bu görnüşiniň watany hasaplanýan Hindistanda geçirilýär. Bu ýaryş üç onýyllykdan soňra Aziýa dolanyp geldi. Her bir hindistanlynyň adyndan Halkara Küşt federasiýasyna minnetdarlyk bildirýärin – diýip, Narendra Modi belledi.

Şeýle hem Modi sportuň halklary we jemgyýetleri birleşdirmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Tamilnad ştatynyň baş ministri Bütindünýä küşt olimpiadasynyň Hindistanda geçirilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny belledi. Hindistandan gatnaşýan 76 grossmeýstoryň 26-sy Tamilnad ştatyna wekilçilik edýär. Çennaý şäherini Hindistanyň küşt paýtagty diýip bellemek bolar.

Bütindünýä küşt olimpiadasynyň açylyş dabarasynda dürli medeni çäreler geçirildi, tamil medeniýeti, mirasy we däp-dessurlary açylyp görkezildi.

Hindistanda ilkinji gezek geçirilýän bu ýaryşa 186 ýurtdan grossmeýstorlar gatnaşýar. 44-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynyň nyşany küşt aty Thambi boldy.

Bütindünýä küşt olimpiadasy 1927-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Ilkinji gezek bu olimpiada 186 ýurtdan küştçiler gatnaşýar.

 

 

“Barselona” toparynyň täze transferi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”