DÜNÝÄ

Hindistan täze Prezidentini saýlady

Hindistan Respublikasynyň 15-nji Prezidenti Draupadi Murmu boldy. Ol bu saýlawlara “Bharatiýa janata parti” partiýasynyň gatnaşmagyndaky Milli-demokratik alýansyň dalaşgäri hökmünde gatnaşdy.

Hindistanda prezident saýlawlary 18-nji iýulda geçirildi. Milli parlament tarapyndan žurnalistlere berlen soňky maglumata görä, jemi 3219 sesiň 2161-sine Draupadi Murmu, 1058-sine bolsa onuň bäsdeşi Ýaşwant Sinh mynasyp boldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Hindistanda döwlet Baştutany halk tarapyndan däl-de, parlament we welaýat mejlis agazalary tarapyndan saýlanýar. Saýlawlara ýurduň parlamentiniň 2 palatasy, şeýle hem 28 ştatyň we 2 territoriýanyň, ýagny sebit parlament wekilleri gatnaşýar. Jemi, 4,8 müň wekil saýlawlarda ses berýär. Sesler hem deputatlaryň wekilçilik edýän ştatynyň ilatynyň sanyna görä hasaplanýar.

Şeýlelikde, saýlawlarda ýeňiş gazanan Draupadi Murmu Hindistan Respublikasynyň 2-nji zenan prezidenti boldy. Mundan ozal, 2007-2012-nji ýyllarda Pratibha Patil prezidentilige saýlanyp, ýurduň ilkinji zenan Prezidenti bolupdy.

Draupadi Murmu Hindistanyň 1947-nji ýylda Beýik Britaniýadan garaşsyzlygyny gazanandan soňra dünýä inip, ýurda prezident saýlanan ilkinji döwlet baştutany boldy.

Saýlanan Prezident 25-nji iýulda kasam kabul edip wezipesine girişer. Ýurduň häzirki Prezidenti Ram Nath Kowindiň wezipe ygtyýarlyklary 24-nji iýulda tamamlanýar.

1958-nji ýylda dünýä inen Draupadi Murmu Jarkhand ştatynyň ozalky gubernatorydyr. Ýurduň täze Prezidentine gadymy Mahabharat eposynyň baş gahrymany – şa zenany Draupadiniň hormatyna Draupadi ady dakylypdyr.

Hindistanyň Prezidenti ýurduň döwlet baştutany bolup, şol bir wagtda baş serkerdebaşydyr. Ýöne ýurduň häkimiýetiniň işiniň agramly bölegini Premýer-ministr alyp barýar.

Hindistanyň Prezidenti 5 ýyl möhlet bilen saýlanýar.

 

Jo Baýden koronawirus bilen keselledi

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri