SIZDEN GELENLER

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Halkara gatnaşyklary institutyna bardy

2022-nji ýylyň  3-nji aprelinde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna geldi. Ilki bilen belent mertebeli myhmany institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew garşy aldy. Ter gül desseleri bilen duz-çörekli, mähirli garşylanan myhman institutyň baş binasynda gurnalan amaly-haşam sungatyna degişli dabaraly sergini synlady. Serginiň dowamynda daşary ýurtly myhmanlar M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşa tomaşa etdiler.

Institutyň uly mejlisler zalynda gurnalan duşuşykda Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Peethambaran Naire institutyň rektoryna  ýadygärlik poçta markasyny gowşurdy. Soňra Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowinde institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň öňünde çykyş etmek üçin uly hormat bilen söz berildi. Belent mertebeli myhman öz çykyşynda Hindistanyň daşary syýasaty, rowaçlanýan türkmen-hindi gatnaşyklarynyň esasy ugurlary barada nygtap geçdi. Çykyşynyň dowamynda belent mertebeli Prezident Hindistan bilen baglanyşykly  Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinden mysal getirmegi gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Soňra bolsa hormatly myhman institutyň içinde türkmen-hindi gatnaşyklarynyň 30 ýyllygy esasynda döredilen Hindistan burçuny açyp berdi. Dostlukly döwletleriň kitaplary, saz gurallary  bilen baýlaşdyrylan Hindistan burçunda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çynar Rüstemowa hindi dilinde çykyş etdi.  Hindistan burçunyň tanyşdyrylyşynda ýurduň taryhy, medeni gymmatlyklary,  däp-dessurlary, köpasyrlyk türkmen-hindi gatnaşyklary bilen baglanyşykly maglumatlar ýerleşdirilip, olar talyplaryň bu ýurdy has içgin öwrenmeklerine  ýardam berer. Tanyşlykdan soňra Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind dabara gatnaşyjylar bilen  mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Gözel EMINOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

 

Hindi Lideriniň maşgalasy Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşdy

 

Ýene-de okaň

Sanly ulgam – täze mümkinçilikleriň sazlaşygy

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy