Şu ýylyň 10-11-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew Gyrgyzystana resmi sapar bilen gelen Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri Subramanyam Jaişankar bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Gyrgyzystan-Hindistan hyzmatdaşlygynyň gün tertibindäki köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Iki tarapyň hem syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.
Resmi saparyň çäginde taraplar Gyrgyzystanyň Ministrler Kabineti bilen Hindistan Respublikasynyň hökümetiniň arasynda Hindistan Respublikasynyň Gyrgyzystanyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen berilýän muzdsuz kömek barada özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekildi.
Bu ähtnamanyň çäginde saglygy goraýyş, oba hojalygy we agrosenagat, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, söwda we Gyrgyzystanyň ykdysadyýetiniň beýleki ileri tutulýan pudaklary babatda durmuş ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek üçin 1,5 million dollara çenli serişde bölünip berler.
Şeýle hem Gyrgyzystana Hindistan hökümeti tarapyndan 200 million ABŞ dollary möçberinde ýeňillikli karz bermek barada ylalaşyk gazanyldy.
Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri Subramanyam Jaişankar 11-13-nji oktýabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynda, Gazagystanda we Ermenistanda saparda bolýar. Hindistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Ermenistana sapary Hindistanyň daşary işler ministriniň bu ýurda ilkinji sapary bolar.
Nobel hepdeligi: ykdysadyýet baýragynyň ýeňijileri belli boldy