SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (22-28-noýabr)

2021-nji ýylyň 22-28-nji noýabr aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03-20.04)

Siz indiki hepde üns we aragatnaşyk merkezine öwrülersiňiz. Sişenbe ýa-da çarşenbe güni täze tanyşlyklary açarsyňyz. Emma bu aragatnaşyklar size elmydama lezzet berip durmaz. Başgalaryň täsirine düşmezlige synanyşyň we beýleki adamlaryň pikirlerine bagly bolmaň. Çünki – durmuşyňyzyň eýesi diňe sizsiňiz.

Sowur (öküzçe 21.04-20.05)

Siz indiki hepde mynasyp jogapkärçilik we ygrarlylyk bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz. Duşenbe güni hemme zady bir gezekde etmegi maksat edinmäň – hepde ýaňy başlandy. Her niçigem bolsa wagtyňyz bolmaz, size köp güýç we saglyk gerek bolar. Bir-iki gün ejir çekýän zatlaryňyzy bir gapdala aýyryň. Şeýlelikde, özüňiziňem kem-kemden işe baş goşup başlanyňyzy duýman galarsyňyz.

Jöwza (ekizekler 21.05-21.06)

Özüňizi täze bir keşpde synap görmegiň wagty geldi – bu keşbi özüňiz üçin aňsatlyk bilen kesgitläp bilersiňiz. Tebigy çeperçiligiňiz we döredijilik ukybyňyz bilen  keşbe girmak prosesi size kyn bolmaz. Penşenbe güni size munuň üçin amatly pursat hödürlener – ondan peýdalanmagy başaryň.

Seretan (leňňeç 22.06-22.07)

Bu hepde seretanlar tankytlara üns bermeli däldirler. Çarşenbe güni, käbir bolgusyz zatlara çynlakaý garasaňyz, olar durmuşyňyza hakykatdan-da zyýan berip biler. Özüňiziň we ýakynlaryňyzyň nerwlerini tygşytlaň. Bolýan zatlaryň hemmesine gaty ýykgyn edýärsiňiz, çynlakaý garaýarsyňyz. Gowsy dynç alyň we hiç zada üns bermäň.

Eset (ýolbars 23.07-23.08)

Esetler indiki hepde geň galar ýaly derejede gürrüňçil we arkaýyn bolarlar. Işgärleriňiziň arasynda we maşgalada ýürekden söhbetdeşlik etmek sizi begendirer hem-de ynam we optimizm duýgularyny goşar. Olar siziň pikiriňizi we maslahatyňyzy diňleýärler. Häzirki wagtda hiç hili gapma-garşylyk ýok. Dynç günleri bolsa ajaýyp bolar – gowy dynç alyp, ýadawlygyňyzy aýryp bilersiňiz.

Sünbüle (gyz 24.08-23.09)

Size durmuşyň ähli ugurlarynda şowly hepde garaşýar. Hepdäniň anna güni töweregiňizdäki adamlar gazanan baýragyňyzy hiç zat etmezden alansyňyz öýdüp bilerler. Şeýle-de bolsa, siz ony öň köp zähmet çekip gazanansyňyz. Şahsy durmuşyňyzda, ýa-da söwdada – ykbal size sowgatsyz bolmaz.

Mizan (terezi 24.09-23.10)

Geljek hepde-de mizanlar başlygynyň, kärdeşleriniň we maşgala agzalarynyň ählumumy ykrar edilmegine we öwgüsine mynasyp bolarlar. Siz özüne çekiji, romantik we emosional ruhlysyňyz. Umuman, şahsy tarapda hemme zat gowy bolar. Bagtly durmuş üçin başga näme isläp bilersiňiz? Belki birneme köp pul gerek bolmagy mümkin… ýöne häzirlikçe bu meselede birneme kyn bolar.

Akrap (içýan 24.10-22.11)

Eger akraplar indiki hepde zähmeti we dynç alyşy deňagramly saklamagy başarsa ýokarda bolarlar. Başgalaryň nazary size tarap öwrüler. Siz özüne çekiji we optimizmden doly, iň esasysy bolsa, siziň yzygiderli ýakynlaşýan beýik maksadyňyz bar.

Kowus (keman 23.11-21.12)

Geljek hepde kowuslar, töweregindäkilere duýgudaşlygy bilen tapawutlanýar. Adamlar sizi basyp alýan söýgini we hoşniýetliligi duýman, oňa üns bermän bilmezler. Hatda olaryň käbirleriniň, dynç günlerine has ýakyn, ýagdaýyňyzdan öz maksatlary üçin peýdalanmaklary-da, sizi asla gynandyrmaz we meýilnamalaryňyza zyýan bermez.

Jedi (owlak 22.12-20.01)

Siz indiki hepde gaty söweşjeň ruhda bolarsyňyz. Penşenbe güni, öňdeligiňizi görkezmek islegiňiz sebäpli zerur däl ýerlerde-de öz pozisiýaňyzy goramaga synanyşarsyňyz. Emma bu wagt özüňizi beýle alyp barmak üçin dogry wagt däldir. Boýnuňyzda beýle köp jogapkärçiligiň bolmagyndan çalt ýadarsyňyz, şeýle-de beýlekileriň öňünde abraýyňyzy ýitirmek howpy abanýar.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlaryň öňünde durnukly we asuda hepde garaşýar. Bu döwür täze kynçylyklary getirmez, köne meseleleriňizi nähili çözmelidigini bolsa, siz eýýäm gowy bilýärsiňiz. Ýakyn adamlar, garyndaşlar, esasanam çagalar bilen gatnaşygy ýitirmezlige çalşyň. Häzir siziň olar üçin görelde wagtyňyzdan we sizi diňländiklerinden lezzet alyň.

Hut (balyk 21.02-20.03)

Hutlar üçin emosional durnuksyzlyk döwri başlanar. Söýgüden başlap ýigrenje çenli, agyr zähmetden biperwaýlyga we işsizlige çenli durnuksyz içki göreşler dowam eder. Emma hernäçe kyn bolsa-da, köşeşmäge we duýgularyňyzy gözegçilikde saklamaga synanyşyň. Ýogsam, bu ýagdaý size-de ýakynlaryňyza-da şatlyk getirmez.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Ja­ny­ňyz sag, iş­le­ri­ňiz ug­ru­na bol­sun!

Egerde   siz   öz    täleýnamaňyzy    görmek    isleseňiz    wideo     görnüşlerinden

hem   tanşyp   bilersiňiz.

22-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama