Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Hamallar hepdäniň dowamynda özlerini saklamaly bolarlar, sebäbi hereket etmegiň wagty entek gelmedi. Olar üçin beýle gylyk-häsiýetlere boýun bolmak aňsat bolmaz, sebäbi birine bir zady subut etmek, gödeklik we özüniňkini dogry etmek islegi bu döwürde hamallara has häsiýetlidir. Hamallaryň köpüsi özlerini alyp barşynda çäkden çykmagy ähtimal. Bu, esasanam, meýilnamalarynyň we islegleriniň amala aşmazlygy bilen bagly bolar. Bu ýerde diňe bir maslahat bar – mejbur etmegi bes ediň, işewürlikde we aragatnaşykda gysga dynç alyň. Indiki hepde hamallar ähli kynçylyklar we gijikdirmeleriň öwezini dolar.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sowurlaryň köpüsi özlerini örän öndümli we täsirli bir hepdä taýýarlamaly. Kyn işlere dözümli bolmak, hereket etmek we maksadaokgunlylyk bu hepde sowurlaryň häsiýetli aýratynlygydyr. Esasan hem bu hepde ähli maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar! Käbir sowurlar logika we ýagdaýlara görä gaty kyn kararlar bermeli bolarlar. Bu hepde Torosyň saglygy we maliýe pudagy şahsy tagallalara we görülýän çärelere bagly bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu hepde jöwzalar şunça wagt bäri arzuw edip gelýän zatlaryna (wezipe, pul, iş, gatnaşyk) ýeten-de bolsa hakyky bagty entegem duýup bilmeýändiklerine göz ýetirerler. Hepdäniň ortasynda ýüzleý lezzetler bilen özlerini köşeşdirmek bilen jöwzalar ýalňyşlyk goýbererler. Bular sizi hiç bir zatdan taplamaz, gaýta, kynçylyklary we täze problemalary kepillendirer. Jöwzalar üçin bu döwürde iň oňat çykalga, bedeni “ýuwup”, artykmaç zatlardan arassalap bilýän suw proseduralary, hammamlar bolar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Seretanlar üçin bu hepde şowlulyk, köpden bäri edýän niýetleriňiziň amala aşmagyny we islendik görnüşdäki islegleriňizde ýeňiş getirer. Bu döwürde seretanlara üstünlikli iş saparlary, gowy habarlar, gyzykly aragatnaşyk we peýdaly maglumatlar garaşýar. Seretanlar has güýçlener, kämilleşer, kynçylyklary we gapma-garşylyklary asuda we ynamly ýeňip geçer. Bu hepde saglyk problemalary ýüze çykmaz we energiýa derejesi gaty ýokary bolar.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Esetler bu hepde birneme içgysgynç bolýarlar. Bu alamatyň wekillerinde ýüze çykjak esasy synag esassyz çykdajylar we şübheli maliýe amallarydyr. Diňe şu hepde harçlamak we maýa goýmak esetler üçin düýbünden gadagandyr! Olaryň köpüsi garyndaşlary bilen dawa-jenjellere baş goşarlar. Ene-atalar bilen gowy gatnaşyk saklamaklyga bu hepde bir zat päsgel berer. Esasan hem esetler sabyrlylygy bilen tapawutlanmansoň gatnaşyk uzak wagtlap kesilip bilner. Elbetde, aragatnaşyklar täzeden başlar, ýöne esetler bu meselede uzak wagtlap “ot alarlar”. Saglyk nukdaýnazaryndan esetler, mümkin boldugyça gen kesellerine üns bermelidirler, öňüni almak ýa-da bejermek bilen meşgullanmalydyrlar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bir ýerlerden sünbüleleriň duşmanlary çykmagy ähtimal. Bu, esasanam muşdaklaryndan birini ret eden ýa-da gatnaşyklaryny bozan sünbülelere has mahsusdyr. Söýgi weýran ediji we gaharly gylyk-häsiýete eýe bolup, ýigrenje öwrüler. Emma bu zatlaryň sebäbini sünbüleler diňe özlerinden gözlemelidirler. Çünki olar gatnaşyk gurup başlanlarynda, onuň soňy barada pikir etmezligi makul bildiler we aýrylyşandan soňky netijelerini göz öňüne tutmadylar. Saglyk babatda sünbülelerde kynçylyk bolmaz.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Mizanlar dostlukda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolarlar. Oglan we gyz dostlaryňyz bilen düşünişmezlikler ýa-da dawa-jenjeller hem bolmagy mümkin. Işleýän aýal-gyzlar işewürlik pikirleri ýa-da taslamalary üçin aşa köp zady ikinji plana goýarlar. Bu bolsa, maşgaladaky kynçylyklara we düşünişmezliklere alyp barar. Soňra bolsa, pikirleriň we taslamalaryň manysyzdygy we peýdasyzdygy ýüze çykar, ýöne ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklary dikeltmek kyn bolar. Şonuň üçin-de bu hepde mizanlar dowamly gatnaşyklar, aragatnaşyk ýa-da dostlugyň maksadalaýyklygy barada çynlakaý pikirlenerler. Saglyk nukdaýnazaryndan, mizanlar sowuklamadan we ýokary temperatura bilen baglanyşykly çişmelerden ägä bolmaly.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Hepdäniň başynda akraplar köpçülige goşulyşyp bilmezligi sebäpli emosional taýdan gowşak bolar. Özüňizi beýlekiler bilen garyşdyryp ýa-da ylalaşyk gazanyp bilmezlik tä penşenbe gününe çenli dowam eder. Hut şol gün ýagdaý düzelip başlar we akraplar öz ukyplaryny we zehinlerini ulanmaga mümkinçilik alarlar. Ykbal akraplara täze, gyzykly taslamalary, mümkinçilikleri üpjün eder. Hepdäniň ahyry, her sekuntdan dogry peýdalanyp bilýän akraplar üçin diýseň şowly bolar.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu hepde işewür kowuslar üçin uzak möhletli taslamalarda şowlulygy, üstünlikli karýerany we gowy perspektiwalary getirer. Kowuslar başarnyklaryny we jogapkärçiligini görkezseler, ýolbaşçylaryň hormatyna we goldawyna mynasyp bolarlar. Häzirki döwürde edilen islendik satyn alyşlar olary begendirer we şol bir wagtyň özünde maliýe durnuklylygy duýgusy olary içki rahatlyk bilen doldurar. Saglyk hem problema döretmez, diňe artykmaç iýmitlenmekden goranmaly. Maşgalaly kowuslar parahatçylykdan we ylalaşykdan lezzet alarlar. Söýgi gatnaşygynda bolanlar bolsa, nikalaşmak teklibine çenli täze derejä çykarmaga mümkinçilik alarlar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Jediler tutuş hepde diýen ýaly howply duşman bilen gapma-garşylyklardan gaça durmak üçin ähli başarnyklaryny görkezmeli bolarlar. Bu ýerde: “Ýakma bişersiň, gazma düşersiň!” ýörelgesine eýermek möhümdir. Dawa-jenjellerden gaça duruň, intrigalar islenmeýär! Käbir jediler howply we gerekmejek maglumatyň eýesi bolarlar. Emma “Köp bilseň, az ýatarsyň” diýilişi ýaly ol syrlardan daşda durmak has gowudyr. Bu döwürde jediler edýän her bir hereketlerinde aýratyn seresap bolmaly we islendik işe bolan çemeleşmelerinde deňagramlylygy saklamaly. Maliýe bilen baglanyşykly ýaramaz habarlary almak käbir jedileriň has başarnykly adamdan maslahat soramagyna sebäp bolar. Netijede, maslahat kän bir peýdaly bolmaz, şonuň üçin, öz beýniňize geňeş salmak has gowudyr.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Daluwlar haçandan bäri ýeke bolup bilmeýänliginden gaharlanyp, hepdäniň dowamynda aragatnaşykdan gaça durarlar. Emma meditasiýa hemişe kesiler, ýalňyzlyk bozular. Başda daluwlar sabyrlylygy saklarlar, ýöne hepdäniň ikinji ýarymynda şahsy durmuşyň eldegrilmesizligini we rahatlygyny üpjün etmek üçin aýgytly çäreleri görerler. Saglyk meselesinde iýmitiňize ünsli bolmaklyk maslahat berilýär. Iýmitlenmek we fiziki işjeňligi azaltmak daluwlara bu döwrüň ähli negatiwliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge mümkinçilik berer.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Hutlar öň çözülmedik meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolar. Şol bir wagtyň özünde, ýagdaýlaryň çylşyrymlylygy hutlarda özlerine bolan ynamyň peselmegine getirer. Çünki hutlar aljyraňly ýagdaýda bolarlar, aýgytly karar berip bilmezler. Deň ähmiýetli iki faktor hutlary bulaşdyrar. Şonuň üçin-de olaryň edip biljek iň gowy zady, haýsydyr bir deň ylalaşyk gazanmakdyr. Bu ýerde-de netijeleriň öňünden aýdyp bolmajaklygy sebäpli howp bar, sebäbi tapylan ylalaşyk hem akylly, hem näzik deňagramlylyga we dartgynly görnüşe eýedir. Hutlar maliýe resminamalaryna aýratyn üns bermelidir, sebäbi “duzaklar” bolup biler. Saglyk nukdaýnazaryndan dem alyş organlary gowşak bolup biler.