JEMGYÝET

Hepdelik täleýnama (19-25 iýul)

Ýyldyzlaryň täsiri astynda adamyň doglan senesine laýyklykda düzülen çyzga goroskop diýilýär. Bu söz türkmen dilinde täleýnama diýip terjime edilýär. Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň köp sanly okyjylarynyň bize gelip gowuşan haýyşlaryny hasaba alyp ene dilimizde-Türkmen dilimizde hepdelik täleýnamany Size ýetirmegi makul bildik.

 

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Geljek hepdäni hamallar keýpiçag halda başlarlar. Bu hepde-de siz gowy girdeji we köp mümkinçilik gazanarsyňyz. Onsoňam indiki hepde-de siz geljekde amala aşyrmak isleýän işiňize aýgytly ädim ädersiňiz. Hamallaryň indiki hepde-de jemgyýetçilik ýerlerinde abraýynyň has-da artmagyna uly mümkinçilikler garaşýar. Dogan-garyndaşlaryňyz size bu ugurda ýardam ederler. Talyplar, okuwçylar indiki hepde-de diňe öz okuwlaryna üns bermelidirler. Indiki hepde-de jübütlere gowy habarlaryň gowuşmagyna garaşylýar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Geljek hepde-de sowurlar öz işlerine ynamly başlarlar. Bu bolsa size işde lezzet almaga, üstünliklere ýetmäge getirer. Biznes bilen meşgullanýan sowurlaryň işi has-da ýokarlanar. Iş gözleýän sowurlar öz hünärlerine görä iş tapmagynyň ähtimaldygyny ýyldyzlar duýdurýarlar. Onsoňam sowurlar indiki hepde-de täze jaýa göçmek üçin karar berip bilerler. Sowurlar şahsy durmuşlarynda özgerişlikler bolup, söýgüden lezzet alyp bilerler.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Geçen hepdäniň başagaýlyga ýuwrulandygyna garamazdan jöwzalar üçin indiki hepde-de zähmetsöýerligi üçin käbir garaşylmadyk sowgatlaryň, baýraklaryň garaşýandygyny ýyldyzlar duýdurýarlar. Geljek hepde jöwzalar üçin öňki taşlan işini täzeden başlap tamamlamak maslahat berilýär. Ýyldyzlar siziň dynç almagyň wagty gelendigini oňat dynç alyş üçin gowy syýahaty gurnamagy duýdurýarlar. Käbir jübütler täze bäbek gujaklaryna alyp bilerler. Indiki hepde-de jöwzalaryň jany örän sag bolar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar geljek hepde-de saglyklaryna gowy üns bermelidirler. Ýyldyzlar geljek hepde seretanlaryň sabyrly bolmalydygyny aýdýarlar. Çünki seretanlara geljek hepde-de töwekgelçilikli wakalar garaşýar. Şonuň üçin indiki hepdeden başlap, seretanlara öýde maşgalasy bilen oturyp dynç almagyň wagty gelendigini ýyldyzlar duýdurýarlar. Hepdäniň ahyrynda toý etmek isleýän jübütler üçin has-da şatlykly habarlar gowuşar. Iş gözleýänleriň aglabasy iş tapmaklaryna garaşylýar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetler geljek hepdä başagaý halda başlarlar. Emma muňa garamazdan siziň keýpiňiz çag, saglygyňyz oňat bolar. Esetlere geljekde hoş habarlar garaşýar. Siz geljek hepde iş bilen bagly şatlykly habar alyp bilersiňiz. Emma esetleriň käbirleriniň işlerinde bökdençliklere duşmaklary hem ähtimal. Ýöne olar käbir zatlara üns bermezlige çalşyp, maksadaokgunly hereket etmegi başarmalydyrlar. Ykbalyň kömegi bilen täze meýilnamalary durmuşa geçirip bilersiňiz

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleler üçin geljek hepde bereketli hepdeleriň biri bolup biler. Olaryň käbir köne saglyk meseleleri çözüler. Geljek hepdeden başlap, sünbüleleriň girdejisi artyp başlar. Öz hünäriňizde oňyn işleri amala aşyrarsyňyz. Ýyldyzlar siziň ýerine ýetirýän işiňize başlygyňyzyň ýokary baha berip, belki-de işiňizde ýokary wezipelere geçip bilersiňiz. Bu hepde esasan hem talyplara we talyp bolmak isleýän dalaşgärlere has-da şowly hepdeleriň biri bolar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlar geljek hepde-de maşgala bilen baglanyşykly meseleler bilen meşgul bolup bilersiňiz. Siz indiki hepde-de çagalaryňyzyň karýerasyny we geljegini meýilleşdirip bilersiňiz. Iş gözleýänler seminarlara ýa-da hünär çärelere gatnaşyp bilersiňiz. Iş gözleýänlere, jübütlere we bilim bilen meşgullanýanlara gowy habarlar garaşýar. Siz indiki hepde-de wagtyňyzy maşgalaňyz bilen gowy geçirip biljekdigiňizi ýyldyzlar aýdýarlar. Mizanlaryň saglygy indiki hepde-de hem öňküsi ýaly oňat bolar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Geljek hepde-de akraplar özüni gowy duýman daş-töweregindäkilerden nägile bolup bilerler. Akraplar indiki hepde-de käbir amala aşmaýan meýilnamalaryna üýtgeşme girizmek maslahat berilýär. Indiki hepde-de akraplar öz üstlerinde işleseler has amatly bolar. Talyplar, okuwçylar öz okuwlaryna öňkiden-de has içgin üns bermelidirler. Uzakda ýaşaýan akraplar öz ata-enesini görmäge, gezelenje çyksalar şähtleri açylyp, işleri ugryna gitmäge itergi berer. Hepdäniň ahyrynda akraplara hoş habaryň geljekdigini ýyldyzlar duýdurýarlar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Öňümizdäki hepde-de ýyldyzlar kowuslara tanyşlyklaryň ençemesini hödürlär. Amal etmek isläp başlan ähli işleriňiz meýilnama boýunça yzygiderlilikde şowly ýerine ýetiriler. Işdeşleriňiziň arasynda abraýyňyz has-da artar. Ýyldyzlar kowuslaryň çeken halal zähmetiniň hözirini görmegiň wagty gelendigini aýdaýarlar. Siziň girdejiňiz has-da artar. Kowuslar üçin öňümizdäki hepde täze innowasiýalar bilen işleşmek üçin amatly wagtyň biri bolar. Saglygyňyz tut deýin sag bolar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Geljek hepde-de jediler başagaý bolarlar. Emma muňa garamazdan olar hemme zada ünsli çemeleşseler, ähli işleri ugryna bolar. Ýyldyzlar öňümizdäki hepde-de jediler sabyrly bolmalydygyny aýdýarlar. Siz öz ýakynlaryňyzyň ýanyna baryp käbir zatlary maslahatlaşmak, ruhlandyryjy gürrüňleri diňlemek maslahat berilýär. Ýyldyzlar jübütleriň maşgala gurmagyň wagty gelendigini aýdýarlar. Hepde soňlaryna açyk howada ýa-da kafelerde ýakynlaryňyz bilen duşuşarsyňyz.

Daluw (gowa 21.01. — 20.02)

Geljek hepdäniň başynda daluwlaryň maliýe ýagdaýy durnukly halda bolar. Daluwlar öňümizdäki hepde-de işde we öý durmuşynda lezzet alarlar. Siz daş-töweregiňizdäki adamlara örän mylakatly çemeleşmelisiňiz. Daluwlaryň täze meýilnamalar işde we durmuşda amala aşyrmagyň wagty geldi. Indi rahat düşeklerini taşlap, täze maksatlara tarap maksadaokgunly hereket etmegiň wagty gelendigini ýyldyzlar duýdurýarlar. Geljek hepde-de saglyk ýagdaýyňyz adatça gowy bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Öňümizdäki hepde hutlaryň saglyk we maliýe üpjünçilik ýagdaýlary has-da gowulanar. Hutlar geljek hepde-de özlerini parahat duýarlar. Siz iş bilen bagly meselelerde gyssagly karar bermeli bolup bilersiňiz. Siz indiki hepde-de ýerine ýetirjek işiňizi ýedi ölçäp bir kesmeli bolarsyňyz. Çünki size uly göwrümli işler ynanylyp bilner. Hepde soňlaryny maşgalaňyz bilen geçirmek maslahat berilýär. Ýokary okuw mekdeplerine dalaşgär bolan hutlar ellerinde baryny edip özlerini görkezmelidirler.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!

 

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys