SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama ( 13-19-njy fewral)

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu hamallar üçin kyn, ýöne gaty täsirli hepde bolar. Duýgulary azaltmaly, köp hereket etmeli. Duşenbe güni ýyldyzlar maýaňyza üns bermegi maslahat berýärler. Girdejili maýa goýumlary hakda pikir ediň, maliýe ýagdaýyňyzy gowulaşdyryp bilersiňiz. Sişenbe, işewür hyzmatdaşlar bilen duşuşmak üçin amatly – sypaýylygy ýeňip geçmäge we meýilnamalaryňyzy täsirli tanyşlar bilen paýlaşmaga synanyşyň. Ýöne ýyldyzlar möhüm adamlar bilen resmi däl aragatnaşykdan saklanmagy maslahat berýärler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Başga adamlaryň problemalaryna çümmäň. Bu hepde özüňize has köp üns bermeli. Sişenbe gününde işleriňiziň rehnetini görüp bilersiňiz. Bu alamatyň wekilleriniň aladasy ýok, tersine – şatlanmaga köp sebäp bolar. Başlyklar siziň yhlasyňyza ýokary baha bererler we size sag bolsun aýtmaga synanyşarlar. Penşenbe güni sünbüleler dynç almagy başarar, ýöne ýalta bolmaň we döredijilik meýilnamalaryny düzmek bilen meşgullanyň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Täze tejribelere açyk boluň – bu hepde okuw sapaklary üçin ajaýyp. Duşenbe güni jöwzalar täzeleniş kurslaryna gatnaşar. Çarşenbe güni okuwlara we seminarlara gatnaşmak üçin amatly bolar. Anna güni maliýe meselelerini çözmek üçin peýdalydyr. Bu alamatyň wekilleriniň pikirleri hasyl bolar, esasy zat töwekgelçilikli işlere goşulmazlyk we daşy jäjek nätanyş adamlara ynanmazlyk. Dynç güni meýilleşdirilýän haýyr-sahawat çäreleri gowy geçer, ýöne sabyr etmeli –  gijikdirmeler bolup biler.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Duýgy sarsgynlary zerur, ýöne beýle mukdarda däl – bu döwürde özüňizi saklamak we ownuk kynçylyklara üns bermezlik maslahat berilýär. Duşenbe güni, seretanlara pul baýraklaryny almak üçin uly mümkinçilikler bolar, ýöne finansyňyzy dogry dolandyrmagy öwreniň we ilkinji meýilnamalara maýa goýmaň. Çarşenbe güni, peýdaly aragatnaşyklara eýe bolmak mümkinçiligiňiz bolar – täze işewür hyzmatdaşlar hyzmatdaşlyga taýyndyrlar, diňe özüňizi dogry görkezmek gerek. Seretanlara maşgala meseleleriniň çözgüdini anna gününe geçirmek maslahat berilýär. Dynç günleri bolsa siziň ygtyýaryňyzda.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Tygşytlamagy öwreniň – bu döwürdäki maliýe ýagdaýy durnukly bolar, ýöne meýilleşdirilmedik çykdajylar ýüze çykyp biler. Hepdäniň başynda dostlar sizden kömek sorap bilerler, ýöne ýadyňyzdan çykarmaly däl: “Hasaply dost – uzaga gider”. Sişenbe gününi gündelik meseleleriň çözülmegine bagyşlamak maslahat berilýär, ýöne çarşenbe güni köpçülikleýin çärelere gatnaşyň. Penşenbe güni meýilleşdirilen iş saparlary üstünlikli bolar, ýöne anna güni syýahat etmekden saklanmak maslahat berilýär. Şahsy durmuş tertipli, ýöne dynç günleri alada etmeli bolarsyňyz – uzakdan myhmanlara garaşylýar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sizde ýeterlik güýç we optimizm bar. Şonuň üçin-de bu döwür gowy geçer. Ýöne energiýaňyzy alýanlardan daşda duruň, bu sanawda diňe bäsdeşler däl, eýsem kärdeşler, hatda dostlar hem bar. Duşenbe güni siz pully adam hökmünde tanalyp bilersiňiz. Emma puluňyzy tygşytly peýdalanyň.  Karzlary ýok etjek boluň. Hepdäniň ikinji ýarymy medeni çärelere gatnaşmak üçin amatly – daşary çykyň we gybatdan gorkmaň, bu gezek hiç zat abraýyňyza howp salmaýar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gyş günlerinde özüňizi dürsemeli bolarsyňyz. Duşenbe güni ýolbaşçylyga çagyrylyp bilersiňiz – hiç zatdan gorkmaň we ynamly boluň. Sişenbe güni şertnamalara gol çekip we şertnama baglaşyp bilersiňiz – maýa goýumlary gaty täsirli bolar. Çarşenbe güni zähmet depginiňizi haýallatmak maslahat berilýär – inisiatiwanyň jezalandyrylýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň we nätanyş adamlara meýilnamalaryňyzy aýdyp ýörmäň. Söýgi ugrunda anna güni üýtgeşmelere garaşylýar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Maksatlaryňyzy ýatdan çykarmaň we gaharly kärdeşleriňiziň we tanyşlaryňyzyň isleglerini ret etmegi öwreniň. Hepdäniň dowamynda bu alamatyň wekilleri döredijilik pudagy bilen meşgullanarlar, ýöne çarşenbe bu döwrüň iň öndümli güni bolar – girdejili we geljegi uly şertnamalar hakda oýlanarsyňyz. Zehinleriňizi mahabatlandyryň we täsirli dostlardan kömek soramakdan çekinmäň. Penşenbe güni, akraplar işewür hyzmatdaşlarynyň howandarlygyna bil baglap bilerler we alamatyň käbir wekillerine halaýan zatlaryny etmäge mümkinçilik bolar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Işli we gyzykly döwür size garaşýar, ýöne ýyldyzlaryň iki şerti bar. Şübheli maliýe galplyklaryna gatnaşmajak boluň we gatnaşýan tanyşlaryňyz bilen aragatnaşygy çäklendiriň. Duşenbe güni kowuslar käbir kärdeşleri bilen gatnaşyklary gowulaşdyrar, esasy zat çyzykdan geçmezlik we tanyşlykdan gaça durmak – iş wagtyndan başga ýerde köpçülikleýin ýygnak geçirmek maslahat berilýär. Hepdäniň ikinji ýarymy gülkünç başdan geçirmelere baý bolar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Köpçülikleýin çärelere gatnaşyň. Bu beýlekileriň ünsüni size çeker. Siziň işiňiz we güýjüňiz, dolandyryş we işewür hyzmatdaşlary özüne çeker. Bu döwürde maliýe ýagdaýy güýçlener we sişenbe güni jediler döwlet edaralaryndan goldaw alar. Jedileriň käbir wekilleri hemaýatkärlige bil baglap bilerler – pikirleriňize mahabat gerek däl, täsirli tanyşlar diňe şeýle geljegi uly hyzmatdaşlyga begenerler.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Isleýşiňiz ýaly ediň, şeýlelikde bu hepde baý we gyzykly bolar. Daluwlaryň köpüsi täze tejribe islär, ýöne ýyldyzlar howlukmagy maslahat bermeýärler – dynç günlerine çenli sabyrly boluň, ýöne häzirlikçe işewür hyzmatdaşlar bilen gatnaşyk gurup başlaň. Telekeçilik bilen meşgullanýan daluwlar birnäçe girdejili şertnama baglaşyp bilerler. Hepdäniň ikinji ýarymy maliýe pudagynda gowulaşmalardan doly bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Gündelik durmuşyňyzyň içgysgynç we çal bolmagyndan ýadadyňyzmy? Täze duýgular we täsirler bilen özüňizi begendirmek isleýärsiňizmi? Onda düşekden düşüp, herekete başlamagyň wagty geldi, sebäbi hemme zat eliňizde. Iş hepdesiniň başynda başlygyň gaharyny getirtmejek boluň. Ähli kanunlary we tertip-düzgüni berjaý ediň.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama