2022-nji ýylyň 11-17-nji aprel aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Köpden bäri garaşylýan pul girdejileriniň sişenbe güni bolmagy ähtimal. Ýyldyzlar iň ýakyn adamyňyz bilen hepdäniň ortalaryna çenli wagt geçirmegi maslahat berýärler, köp ylham beriji garaşylmadyk ýagdaýlar size garaşýar. Köp zat etdiňiz, zähmet çekdiňiz, indi bolsa, işiňiziň netijelerinden lezzet alyp bilersiňiz. Hamallar kiçigöwünli, özüne eýe we asuda bolmaly. Anna we şenbe günlerini kynçylyksyz geçirjek boluň.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu hepde sowurlar üçin köp peýdaly zatlary getirer. Ýöne birnäçe kyn meseleleri hem çözmeli bolarsyňyz. Edýän işiňizde kemçilik bolup biler. Ýagdaýyň umytsyzdygyna doly göz ýetirýänçäňiz, zatlary üýtgetmäge howlukmaň. Täze işe başlan bolsaňyz, size köp kynçylyk garaşýar. Çarşenbe gününden başlap, gatnaşyklara we baglanyşyklara täzeçillik getiriň. Şeýle hem, hepdäniň ahyrynda geň galdyryjylyga we özboluşlylyga bil baglaň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Jöwzalar özlerine bolan ünsüň ýoklugyndan zeýrenmeli bolmazlar. Hepdäniň başyny gaty ýakymly geçirersiňiz. Parahatçylygy söýýänler we öz işi bilen meşgullanmagy makul bilýänler, aragatnaşyk gurmak isleýänlerden azajyk ýadap bilerler. Uzyn syýahatlarda we hukuk resminamalaryny taýýarlamakda kynçylyklar bolup biler. Hepdäniň ahyrynda ujypsyz nagt girdejiler mümkindir. Ýöne humarly oýunlar bilen meşgullanmaň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Ynamlylygyňyz bu hepde üstünlik gazanmagyňyza kömek edip biler. Seretanlar gowy ýa-da erbet bolsun, eden her bir işi üçin jogapkärçiligi kabul etmeli bolarlar. Ýyldyzlar size bar bolan kynçylyklar we şowsuzlyklar barada pikir etmezligi maslahat berýärler. Ýerine ýetirilen işiň mukdary aljak hakyňyzy kesgitlär. Emma dynç almagy ýatdan çykarmaň we saglygyňyza zyýan bermäň. Hepdäniň ahyry täze çynlakaý gatnaşyklaryň başlamagy üçin amatlydyr.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Esetler şu hepdäniň dowamynda beýlekilerden, kärdeşlerinden we ýolbaşçylaryndan rugsat alarlar. Olaryň käbiri täze ösüşler, halkara gatnaşyklary, güýmenje wakalary ugrundaky hakyky iş merkezine öwrülmegi başarar, syýahatlarynyň we baglanyşyklarynyň geografiýasyny giňeldip, giň ýaýran mahabat hakda pikir edip biler. Gepleşikler we girdejili şertnamalara gol çekmek penşenbe we anna günleri üstünlikli geçiriler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Käbir sünbüleler hepdäniň başynda ýokary ruhda bolarlar. Hünär işjeňligiňizdäki üstünlikleriňiz bolsa haýran galdyryjydyr. Emma işe bolan höwes durmuşyň beýleki ugurlaryna-da täsir edip biler – ýeterlik wagtyň we güýjüň bolmazlygy mümkin. Ähli zady hepdäniň dowamynda meýilleşdiriň, ýerine ýetirip bilersiňiz. Anna we şenbe günlerinde haýsydyr bir dawa-jenjeliň öňüni almak maslahat berilýär. Halkara taslamalar sizi özüne çeker.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Duşenbe mizanlary fiziki şikeslere, gereksiz dawalara we aşa biperwaý wadalara alyp barar. Gündelik işlerden we öý işlerinden-de lezzet almak maslahat berilýär. Birnäçe şowsuzlyklar sebäpli karar bermek kynçylygy we özüňize bolan ynamyňyzy ýitirmegiňiz ähtimal. Hepdäniň ahyrynda dogry ýoly saýlajak boluň. Hemme zat ahyrsoňy deňagramly ýagdaýa geler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Käbir akraplar üçin hepdäniň birinji ýarymy köp akyl stresini talap etmeýän iş bilen doldurylar. Bu wagt pikirler düýbünden başga ýerde bolar – öýde, maşgala bilen ýa-da islendik öz meselelerini çözmek üçin. Ýöne häzirki wagt dostlaryňyzyň we tanyşlaryňyzyň siziň bilen paýlaşyp biljek işine döredijilikli pikirleri getirmek üçin amatly pursatdyr. Akraplar gaty gowy netijeleri gazanyp biler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Planetalaryň şu hepdäniň başynda ýerleşdirilmegi kowuslaryň dynç almagyny höweslendirer. Indi dünýäde bolup geçýän wakalara we öz durmuşyňyza syn edip, özüňiz bilen azajyk köp wagt geçirjek boluň. Uly märekeden uzak duruň. Kowuslaryň kontrendikasiýa merkezine düşmek üçin her dürli dawa-jenjeliň döremegi gaty ähtimal. Ähli zatda pozitiw pikirlenmäni saklasaňyz hepdäniň nädip şowly geçendigine özüňiz hem düşünmän galarsyňyz!
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Jediler hepdäniň başynda öňe süren pikirleri gaty gymmatly bolup biler, ýöne olary durmuşa geçirmäge howlukmaň, gutarnykly karary häzirlikçe yza süýşürmek has gowudyr. Bu wagt sosial taýdan peýdaly işler, hünär ösüşi, döredijilik, haýyr-sahawat we maşgala ýa-da şahsy gatnaşyklary berkitmek üçin amatlydyr. Dynç günleriňizi çeper hobbiňiz bilen meşgullanmaga ýa-da öý dizaýnyny kämilleşdirmäge bagyşlamak amatlydyr.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Daluwlaryň syrlylyk we haýran galdyryjylyk häsiýeti bu hepde olara uly kömek eder, şeýle-de, daş-töwerekdäkiler bilen gatnaşyklarda, gürrüňdeşlikde uly gyzyklanma döreder. Umuman, ähli wakalar siziň tarapyňyza bähbitli bolar. Eger-de daluwlar öz içgi dünýäsini diňlemegi we bolup geçýän wakalara dogry baha bermegi başarsalar şowlulyk olaryň tarapynda bolar.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Hepdäniň başynda käbir hutlar hyzmatda dartgynly ýagdaýa düşer, göreşe goşulmaly bolar. Her sözüň üstünde pikirleniň, tankyt we talaplar bilen söhbetdeşlige başlamaň, ýygnanan gahar-gazaby adamlara taşlamaň. Bäsdeşleriňiz sizi dürli kynçylyklara eltip bilerler. Ýyldyzlar hutlara asman bilen baglanyşykly zatlara üns bermegi maslahat berýärler. Ilki bilen bular uçarlar, dikuçar modelleri, teleskoplardyr.