«Biz Garaşsyz Türkmenistanymyz üçin saýlap alan ýolumyzy «oňyn Bitaraplyk» diýip atlandyrdyk. Şoňa görä ýurdumyzyň daşary syýasy doktrinasy hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk we olaryň özygtyýarlylygyna, çäkleriniň bitewiligine hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatyşmazlyk, dinlere hormat goýmak, açyklyk, halkymyzda bütin taryhynyň dowamynda kemala gelen, islendik meseläni gepleşikler arkaly çözmäge bolan taýýarlyk ýaly, milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny özünde jemleýän düzgünlerden ugur alýar» diýip hormatly Prezidentimiz belleýär.
Bitaraplyk – munuň özi milletiň ähli içerki ruhy durmuşynyň, ýaş döwletiň daşary syýasat ugrunyň tebigy we kanuny ösüşidir, şol ugur bolsa halkara syýasy gatnaşyklarynda öz ornuna düşünmegi türkmen halkynyň daşarky dünýä bilen gatnaşyklar baradaky taryhy däplerini birleşdirdi. Türkmenler owalda-ahyrda belent adamkärçilik sypatlaryny tug edinip, goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýup gelipdir. Dünýä döwletleriniň ençemesi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak, abraýly halkara guramalaryna agza bolmak bilen Türkmenistan döwletiniň parahatçylykly mizemez, ebedi daşary syýasatynyň kemala gelendigini ykrar edýän, ikinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýa gaýtadan tassyklandy.
1993-nji ýylyň dekabr aýynda GDA döwletleriniň baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygynda birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlyk babatdaky meselelere seredildi. 1995-nji ýylda Kolumbiýada geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň forumynda hem türkmen döwleti tarapyndan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak babatda oňyn pikirler orta atyldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý sessiýasynda bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň konseptual esaslary takyk kesgitlendi.
Bitaraplyk düşünjesine etimologik taýdan kesgitleme berlende, «ol hem däl, bu hem däl» manyny aňladýan gadymy latyn sözi bolan «neuter» ýa-da grek sözi bolan «neutral» adalgalary ulanylýar. Syýasy babatda bolsa onuň manysy has giňdir. Bitaraplygyň dürli görnüşleri bolmak bilen olaryň iň ýokary derejesi hemişelik Bitaraplykdyr. Bitaraplyk syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatyndaky maksatlaryna we ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda bitaraplyga hormat goýmak Milletler Birleşiginde ileri tutulýan garaýyşlaryň biri bolup durýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ynamly hereket edýän mehanizm bolup, ol halkara hukugynyň we diplomatiýasynyň esasy ýörelgeleriniň düýpli sazlaşygyny emele getirdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitarap ýurt hökmünde halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen, giň möçberli başlangyçlary durmuşa geçirýär. Diplomatik çäreler 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagyna badalga berdi. Mundan başga-da, 2007-nji, 2009-njy, 2013-nji ýyllarda ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji, 64-nji, 68-nji mejlisleriniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy.
Bitaraplyk ýoluny saýlan türkmen taryhy utuş gazandy, çünki geosyýasy taýdan möhüm çatrykda ýerleşýän, tebigy baýlyklary boýunça dünýäniň iň baý ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistana bu syýasy dereje örän mahsusdy. Hemişelik Bitaraplygymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda resmi taýdan berkidildi, paýtagtymyz Aşgabatda Bitaraplyk seýilgähi, Bitaraplyk monumenti döredildi, Bitaraplyk şaýoly guruldy. Bu maglumatlar halkymyzyň durmuşynda Bitaraplygyň neneňsi derejede arzyly orna eýedigini subut edýär. Üstümizdäki ýylda türkmen Bitaraplygynyň 26 ýyllyk toýy hem giňden bellenilip geçiler. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda belleniljek bu şanly sene taryha altyn harplar bilen ýazyljak taryhy sene bolar. 26 ýyl taryh üçin uly möhlet bolmasa-da, şol ýyllaryň dowamynda döwletimiziň daşary syýasatynda gazanan üstünlikleri, ýeten derejeleri Bitaraplygymyzyň döreden mümkinçilikleri, eçilen miweleri hakynda söhbet etmek kalbyňy joşdurýar. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynda gazanan uly ýeňşi, dowamata dowamlydygy bilen şöhratlydyr. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza bahasyz gymmatlyk hökmünde garalýar.
Döwletimiz Bitaraplyk derejämizden gelip çykýan maksatlara eýermek arkaly BMG, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy hem-de beýleki iri abraýly halkara guramalary bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi halklary ruhy taýdan ýakynlaşdyrýar. Hemişelik Bitaraplygymyz agzybir halkymyzyň asylly maksatlara eýerýän ösüşlerini has-da rowaçlandyrmakda, pederlerimizden gelýän däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi bütindünýä doldurmakda daýanç sütüni bolup hyzmat edýär. Şeýle hem Bitaraplyk derejämiz döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugruny kesgitleýär.
Hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Diňe parahatçylygy dörediji taslamalaryň islendik ýurdy we bütin adamzady ýagty geljege alyp barýan köprüleriň ygtybarly sütünleri bolup biljekdigine bil baglaýandygymy men öwran-öwran gaýtalaýaryn. Türkmenistan özüniň yzygiderli daşary syýasy başlangyçlarynda şundan ugur alýar. Bu başlangyçlar, aslynda, häzirki zamanda durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy howpsuzlygyň täze binýadyny kemala getirmegiň taslamasydyr.
Taryhyň berýän sapaklarynda we halkara gatnaşyklarynyň tejribesinde dünýä döwletleriniň döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ylalaşykly we ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmek arkaly çemeleşenlerinde gowy netije gazanýandyklaryny aýdyň görkezýän mysallar az däl». Bu dürdäne sözler umumyadamzat bähbidine ýugrulandyr.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi dünýä bileleşigi üçin halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda diňe bir amala aşyrylan we berkarar bolan täsinlik bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geosyýasy bähbitleri utgaşdyrmagyň guraly hem bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty halkara giňişliginde uly ähmiýete we ösüşlere eýe bolup, ata Watanymyzyň halkara abraýyny belent derejelere ýetirdi. Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesini dünýäniň beýleki bitarap döwletleri bilen deňeşdireniňde düýpli tapawutlanýar.
Birinjiden: türkmen bitaraplygy gelip çykyşy boýunça bütindünýä bileleşigi tarapyndan BMG-niň agzasy bolan döwletleriň hemmesiniň biragyzdan ses bermegi bilen (185 döwletiň gatnaşmagynda) ykrar edilendir.
Ikinjiden: görnüşi boýunça «hemişelikdir», ýagny wagt bilen çäklendirilen däldir.
Üçünjiden: manysy boýunça pozitiwdir, konstruktiw häsiýete eýedir.
Dördünjiden: ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny öz erk islegine görä meýletinlikde seçip almaga, onuň parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýanlygy bilen tapawutlanýar. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyz dünýäde parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde ykrar edildi.
Bitaraplyk – munuň özi geljekde gülläp ösmegiň girewi, sebäbi döwletiň çalt ykdysady ösüşi diňe parahatçylyk we durnuklylyk ýagdaýynda mümkindir. Halkara jähtden garalanda bitaraplyk – munuň özi uly syýasy abraýdyr, durnukly, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň pugtalandyrmagydyr. Galyberse-de, Bitaraplyk – munuň özi Türkmenistanyň raýatynyň öz Watany üçin aýratyn buýsanjynyň çeşmesi, sebäbi ylalaşdyryjy döwlet diýen belent ady götermegi ykbal sanlyja döwletlere miýesser edýär. Goý, parahatçylygyň mekany hökmünde ykrar edilýän baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hemişe asudalyk, abadançylyk höküm sürsün! «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini öňe sürüp, dünýä halklaryny özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, ählumumy meseleleri tagallalary birleşdirmek arkaly çözmäge çagyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Meýlis Sadykow
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
1-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama