Türkmenistanyň Mejlisinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi. Bu maslahat hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny dabaralandyrmaga, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer döwlet syýasatyny dünýä ýaýmaga we döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Maslahata Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky düzüm birlikleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň zenan ýolbaşçylary we ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler zenanlar hakynda alada etmegiň, olaryň jemgyýetde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmagyň, zenana, enä sarpaly garamagyň Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtadylar. Jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň ähli ugurlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny bellediler. Şeýle hem maslahatyň barşynda zenanlaryň döwlet dolandyryşynda, jemgyýetçilik we syýasy durmuşda tutýan ornuny berkitmek, olaryň ylymda, bilimde başarnyklaryny we beýleki ugurlarda döredijilik mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaklary üçin döredilýän şertler, maşgala mukaddesliklerini, eneligi we çagalygy goramak, geljekki nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde zenanlaryň eýeleýän möhüm ornuny pugtalandyrmak hem-de häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň tutýan orny babatda pikir-garaýyşlar beýan edildi we tejribe alşyldy.
Maslahatda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döwletimizde köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde eneligi we çagalygy goldamak maksady bilen döredilýän mümkinçilikler, döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, bu babatda BMG-nyň düzümleri bolan ÝUNESKO, ÝUNISEF we beýleki guramalar bilen durmuşa geçirilýän halkara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer meseleleriň çözülmeginde alyp barýan nusgalyk işleriniň halkara derejede ykrar edilýändigi bellenildi.
Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramak, maşgalany goldamak boýunça alnyp barylýan işleri, ýurdumyza zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak, olaryň bilim, saglyk we ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek, bu ugurdaky kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak barada gazanan üstünliklerini parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä jemgyýetçiligine ýaýmakda uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.
