DÜNÝÄ

“Hazar deňzi-Garadeňiz”: dörttaraplaýyn hökümetara ylalaşygyna gol çekmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Rumyniýada iş saparynda boldy. Onuň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onda türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, rumyn tarapyna bolsa Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Ana Tinka ýolbaşçylyk etdi.

Onuň barşynda iki ýurudň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar sebit we halkara gün tertibi boýunça pikir alyşdylar.

Ykdysady we ylmy-tehniki boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini Buharestde geçirmek boýunça ylalaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliçlikli topary Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobesku bilen duşuşdy. Duşuşykda 2023-nji ýylyň oktýabrynda Lýuksemburgda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça 2024-2025-nji ýyllar üçin gol çekilen hereketleriň meýilnamasynyň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň döwlet sekretary Adrian George Fogiş bilen duşuşygy boldy. Onda “Global Gateway” başlangyjynyň, şeýle hem ulag ulgamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde ulag hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar.

Taraplar 2024-nji ýylda Buharestde “Hazar deňzi-Garadeňiz” halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça  dörttaraplaýyn (Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Rumyniýa) hökümetara ylalaşygyny taýýarlamak we gol çekişmek boýunça meýillerini tassykladylar.

Şeýle hem türkmen tarapy Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň döwlet sekretary Gigel Paraskiw bilen duşuşyp, bilim ulgamyndaky hhyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda pikir alyşdylar. Şeýle hem 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokayr okuw mekdepleriniň birinde “Rumyn dili” hünärini açmak mümkinçiligini öwrenmek boýunça ylalaşdylar.

Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary Rumyniýanyň Parlamentiniň “Türkmenistan-Rumyniýa” parlamentara toparynyň başlygy Karoli Kolçar bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň parlament wekilleriniň özara saparlaryny yzygiderli guramak boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen wekiliýeti bu saparynyň çäklerinde Rumyniýanyň uniwersitetlerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri