JEMGYÝET

Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň taryhy mekanynda binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi.

Birinji mejlise  Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow, Gaznanyň hasapçysy Ý.Çernowa, Gaznanyň prezidentiniň kömekçisi Ý.Orazow, Gaznanyň Iş dolandyryjysy K.Babaýew, onuň hukukçysy M.Hojamberdiýewa, şeýle hem Gaznanyň media-habarlar wekili A.Jepbarow, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory  M.Öküzowa hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde alyp baran işleri, şeýle hem Gaznanyň öz işine başlamagy, onuň işiniň guralyşy hem-de işleriň alnyp barylyşy hakyndaky  we beýleki meseleler girizildi.

Ýene-de okaň

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy