DÜNÝÄ

Haýyr-sahawat gaznanyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara jemi 500-den gowrak operasiýa edildi

Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Oňa Müdiriýetiň agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde ýerine ýetiren işleri, öňde durýan wezipeler barada çykyş etmek üçin Gaznanyň wise-Prezidenti R.Bazarowa söz berdi.

Ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýüz tutmalar esasynda näsag çagalara jemi 500-den gowrak, diňe şu ýylyň özünde bolsa 261 sany operasiýalaryň geçirilendigi, köpsanly çagalarda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglarynyň amala aşyrylandygy we çagalar saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilendigi barada hasabat berdi.

Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň hassahanalarynyň çagalar bölümine Germaniýa Respublikasynyň B.Braun kompaniýasynyň Dialog gemodializ enjamynyň ornaşdyrylandygyny, bu çözgüdiň çagalaryň ömür dowamlylygynyň uzalmagyna oňyn täsirini ýetirýändigi barada maglumat berildi.

Gaznanyň wise-prezidenti çykyşynyň dowamynda tassyklanan meýilnama laýyklykda, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barlandygyny habar berdi. Şeýle hem ol Gaznanyň halkara derejesinde alyp barýan işleri barada aýdyp, şu wagta çenli Türkiýe, Ukraina döwletleriniň, Russiýa Federasiýasynyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Palestinanyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik kömekleriniň iberilendigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Täjigistanyň Hatlon welaýatynda ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bina eden mekdebiniň okuwçylaryna Gaznanyň hasabyna kompýuterler sowgat berildi, medisina klasteriniň öndürýän çaga iýmitleri doganlyk Owganystana iberildi. BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasynyň 57-nji mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işlerine uly üns berilmegi Gaznanyň halkara giňişligindäki abraýynyň belende galýandygyny görkezýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi