SIZDEN GELENLER

Täsinliklere baý haýwanat dünýäsi

Öý haýwanlary biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen. Kähalatlarda olaryň edýän hereketleri, özlerini alyp barşy her birimizi biygtyýar ýylgyrmaga mejbur edýär, haýran galdyrýar. Haýwanat dünýäsi örän gyzykly. Olaryň her haýsysynyň özlerine mahsus aýratynlyklary, tapawutlanýan häsiýetleri we haýran galdyryjy başarnyklary bolýar.

Geçiler

  • Geçiler örän täsin jandar. Köp sanly alymlaryň aýtmagyna görä geçiler adamlar tarapyndan eldekileşdirilen oba hojalyk mallarynyň ilkinjileriniň biri hasaplanýar. Olar 10 000 ýyl mundan öň eldekileşdirilen;
  • Ýakynda dünýäniň biologlar tarapyndan geçileriň ýaşaýan ýerine baglylykda, her ýurtda aýratyn ses çykarmak ukybynyň bardygyny anyklanyldy;
  • Geçileriň göreji keseleýin göniburçlyk şekiline eýe. Bu bolsa olara kellesini gymyldatman daş-töweregini 360°C görmeklige mümkinçilik berýär;
  • Olar ýokanç keselleriň biri bolan tuberkulýoz ýagny inçe kesel bilen kesellemeýär;
  • Sürüde bir sany teke 30-50 sany ene geçini dolandyrmaga ukyply;
  • Geçi ortaça 17 ýaşaýar;

Goýunlar

  • Agzybirligi gowy görýän jandar. Olarda köpçüklileýin ýaşamak duýgusy gowy ösen;
  • Dünýäde ilkinji klonlanan haýwan hem goýunlardyr;
  • Goýunlaryň beýleki görnüşlerden tapawutlanýan aýratynlygy göwrümi, ýüňi däl-de guýrugy hasaplanýar;

Gara mallar

  • Sygyrlar adamlar tarapyndan 8500 ýyl mundan öň öýdekileşdirilen;
  • Öküzler hiç bir reňki saýgarmaýar. Olar dünýäni ak-gara reňklerde görýär;
  • Sürüde sygyrlar biri-birinden käbir zatlary öwrenmäge we gören zatlaryndan sapak edinmäge ukyplydyrlar. Mysal üçin: bir sany sygyr adamlar tarapyndan goýulan päsgelçilikden geçip şikes alsa, sürüdäki galan sygyrlar bu ýalňyşlygy gaýtalamaýar;
  • Sygyrlar magnit meýdanyny duýmaga ukyply we olarda wagty bilmek duýgusy güýçli ösen. Eger-de sagym wagtyndan 20-30 minut gijikdirilse süýdüň mukdary 5%-e çenli, ýaglylygy bolsa 0,2 – 0,4% -e çenli peselýär;
  • Bir sany ene sygyr ömrüniň dowamynda 200 000 bulgur süýt berýär.
  • Hindistanda olar mukaddes jandar hasaplanýar;
  • Olar äňini minutda 100 gezek hereketlendirip bilýär;
  • Sygyrlaryň burnunda adamyň barmak yzlaryna meňzeş şekili görmek bolýar;
  • Olaryň gäwüş gaýtarma häsiýeti ewolýusiýanyň dowamynda kemala gelipdir;
  • Ýer ýüzünde süýdemdirijileriň arasynda sygyrlaryň sany adamlardan soň ikinji orunda durýar.

Towuklar

  • Ýer ýüzünde towuklaryň 180 görnüşli tohumy bolup, uly ýaşly towuklaryň iň aňrybaş agramy 5kg;
  • Towuklar ýylyň dowamynda 350 ýumurtga guzlaýar;
  • Ýer ýüzünde ortaça 25 mlrd towuk bar. Diýmek her adama ortaça düşýän towugyň sany 4;
  • Olar hemme zady iýýär. Kähalatlarda syçanlary iýýän ýagdaýlary hem bolýar.

Ogulnur MUHANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

Täze awtobus gatnaw ugurlary açyldy

 

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika