BILIM

Haýsy ugurlar üçin diplomy ykrar edilýän uniwersitetiň sanawa girmek zerurlygy ýok?

Mälim bolşy ýaly, daşary ýurtlarda alnan diplomlaryň Türkmenistanda ykrar edilmegi üçin  diplomy beren daşary ýurt uniwersitetleriniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen uniwersitetleriň sanawynda bolmagy zerurdyr. Eýsem ähli bölümler üçin şeýle zerurlyk barmydyr soragy köp gelip gowuşýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň berýän maglumatlaryny Siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça daşary ýurt döwletlerinde berlen bilim hakyndaky resminamalaryň Türkmenistanda ykrar edilmegi üçin ýokary okuw mekdebiniň dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň («Academic Ranking of World Universities», «QS World University Rankings», «Три миссии университета» we «The Times Higher Education World University Rankings») kesgitleýän sanawyna giren bolmagy hökmany şert hökmünde talap edilýär.

Beýleki ugurlar boýunça daşary ýurt döwletlerinde berlen bilim hakyndaky resminamalaryň Türkmenistanda ykrar edilmegi üçin ýokary okuw mekdebiniň ýokarda agzalan sanawa girmegi hökmany şert hökmünde talap edilmeýär.

Görşumiz ýaly,  bellenen şertlerde jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça bilim almak üçin sanawa girmek zerurlygy bar. Emma, lukmançylyk, inženerçilik ýaly ugurlar üçin şeýle sanawa girmek zerurlygy ýokdur.

 

Sanawy almak üçin  DIPLOM SANAW 2023  ýazylan ýere basyň!

 

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda  bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

 

Diplom ykrar etmek : Jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary

Mahabat:

“ATAVATAN DANIŞMANIIK” HEM MASLAHATÇYŇYZ HEM-DE TERJIMEÇIŇIZ BOLAR

Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly talyplara maslahat hyzmatlaryny berýän Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim Ltd” şereketi talyplara diňe bir maslahat bermek hyzmaty bilen çäklenmän, eýsem terjime hyzmatyny hem hödürlýär.

“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatantranslation@gmail.com

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52  ýa-da  +90 530 251 36 73

https://www.atavatan-turkmenistan.com/dasary-yurt-dowletlerinde-berlen-diplomy-ykrar-etmekresminamalaryn-sanawy/

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny dörediler

Türkmen ýaşlarynyň Pakistanda talyp haky bilen bilim almak mümkinçiligi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy magistr bilim maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlyk eder

Koreýanyñ ilçihanasy talyp hakly magistrlik we doktorlyk maksatnamalaryna kabul edilşik barada yglan etdi

Türkmenistanda Germaniýadaky işewürlik-okuwlaryna dalaşgärleri saýlap alyş yglan edildi

Türkmenistanyň hususy pudagynyň ilkinji ýokary okuw mekdebi gurulýar