SPORT

Hawi “Barselona” tälimçi bolup dolandy

Mälim bolşy ýaly, Ispaniýanyň futbol ägirdi “Barselona” topary tälimçisi Ronald Kumany wezipesinden boşadandan soňra bu wezipä özüniň ozalky futbolçysy Hawi Herhandezi bellemegi meýilleşdirýärdi.

Şondan soňra Hawiniň tälim berýän Kataryň “Al-Sadd” topary bilen “Barselona” toparynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Şol gepleşikleriň netijesi boýunça, Kataryň topary Hawiniň “Barselona” toparyna baş tälimçi hökmünde bellenmegine rugsat berdi.

Şeýlelikde, “Barselona” topary “Al-Sadd” toparyna Hawiniň goýberilmegi üçin bellenen 5 million ýewro möçberindäki tölegi geçirenden soňra tälimçilige belläp biler.

– “Al-Sadd” toparynyň administrasiýasy Hawini goýbermek barada karara geldi. “Barselona” topary şertnamanyň wagtyndan öň gitmegi üçin kesgitlenen töleg tölenen halatynda goýberilýär. Şeýle hem “Barselona” topary bilen geljekde hyzmatdaşlyk etmek üçin ylalaşyldy. Hawi “Al-Sadd” toparynyň taryhynda möhüm orun eýeleýär we oňa üstünlikler arzuw edýäris – diýip, “Al-Sadd” toparynyň metbugat gullugy “Twitter” jemgyýetçilik torundaky hasabynda beýanat berdi.

Hawi özüniň futbol durmuşynyň köp bölegini “Barselona” toparynda oýnady. 1998-2015-nji ýyllarda 25 kubok gazandy. Olaryň arasynda 4 gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi we 8 gezek Ispaniýanyň çempionlygy bar.

Hawi 2015-nji ýylda Kataryň “Al-Sadd” toparyna geçdi we 2019-njy ýylda bu topara tälim berip başlady. Hawi bilen “Al-Sadd” topary 7 kubok gazandy.

 

“Converse” markasy barada bileýin diýseňiz

Ýene-de okaň

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi

«Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygynda stadiondaky oturjak ýeriňizi çalt tapmagyň tertibi

Ata Watan Eserleri

Italiýada XXV Gyşky Olimpiýa oýunlary badalga aldy