PEÝDALY MASLAHAT

Harby gulluk bilen baglanşykly gatnaşyklarada ýüze çykyp biljek soraglar

Harby gulluga çagyrylmaga degişli raýatlar kimler?

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň resmi saýtynda bu soraga şeýle jogap berilýär.

«Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 17-nji maddasyna laýyklykda ýaşy 18-den 27-ä çenli bolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýat harby gulluga çagyrylmaga degişlidir. (Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 17-nji madda).

Haýsy raýatlar harby gulluga çagyryşa degişli däl?

Harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolan ýa-da harby gulluga çagyryşa ýaramly däl diýlip ykrar edilen raýatlar harby gulluga çagyryşa degişli däldirler. (Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 17-nji madda).

Haýsy raýatlar harby gulluga çagyryşdan boşadylmaga degişli?

Aşakda görkezilen raýatlar harby gulluga çagyryşdan boşadylmaga degişlidirler: 1) saglyk ýagdaýy boýunça bellenilen tertipde harby gulluga ýaramly däl diýlip ykrar edilenler; 2) harby gullugy geçenler; 3) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda başga döwletiň ýaragly güýçlerinde harby gullugy ýa-da onuň başga görnüşini geçenler; 4) uly bolmadyk agyr jenaýaty edendigi üçin iki gezek iş kesilenler ýa-da ortaça agyr jenaýaty, agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýaty edendigi üçin iş kesilenler; 5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanylan alymlyk derejesi bolan raýatlar; 6) harby gulluk ýa-da harby ýygnanyşyklar döwründe harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary); 7) harby gullugy ýa-da harby ýygnanyşyklary geçen döwründe özleriniň harby gullugy geçmegi bilen baglanyşykly maýyp bolanyň ýa-da ýaralanyp, synasyna şikes ýetip, seňse bolup kesele ýolukmagy netijesinde harby gullukdan boşan (harby ýygnanyşyklar tamamlanan) gününden soň bir ýylyň dowamynda aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary). (Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 18-nji madda).

Haýsy raýatlaryň harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilýär?

Şu raýatlaryň harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilýär: 1) saglyk ýagdaýyna görä harby gulluga wagtlaýyn ýaramly däl diýlip ykrar edilenlere – bir ýyla çenli möhlet bilen. Şeýle esas bilen üç ýylyň dowamynda harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilen raýat Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň ätiýaçlygyna geçirilýär; 2) kakasyna, ejesine, aýalyna, süýtdeş doganyna, süýtdeş uýasyna, atasyna, enesine, mamasyna, babasyna, perzentlige ýa-da hossarlyga alanlara hemişelik ideg etmek bilen meşgullanýan adamlar, eger görkezilen raýatlara kanun boýunça ekläp-saklamaga we olar hakda alada etmäge borçly bolan başga adamlar bolmasa (durmuşa çykyp, aýratyn ýaşaýan süýtdeş uýalary muňa degişli däl), şeýle hem olar doly döwlet üpjünçiliginde bolmasalar we hemaýata mätäçligi anyklaýyş toparynyň netijenamasyna laýyklykda kesekiniň hemişelik seretmegine (kömegine, gözegçiligine) mätäçlik çekseler ýa-da I we II topardaky maýyplar bolsa ýa-da umumy esaslarda pensiýa bellemek üçin ýaşyna (erkekler – 62 ýaş, aýallar – 57 ýaş) ýetse ýa-da 18 ýaşa ýetmedik bolsa; 3) Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň (internaturalar, aspiranturalar, doktoranturalar muňa girmeýär), orta hünär okuw mekdepleriniň gündizki bölüminde okaýan raýatlara, eger olar öň şeýle okuw mekdeplerinde okamadyk bolsalar – okuwyň möhletine barabar, ýöne olar 26 ýaşdan geçmeli däl; 4) iki we şondan köp çagasy ýa-da maýyp çagasy bolanlara; 5) ejesiz terbiýelenýän çagasy bolanlara; 6) özi barada jenaýat işi gozgalan raýatlara – şol iş boýunça gutarnykly çözgüt çykarylýança; 7) beýleki aýratyn ýagdaýlarda – Türkmenistanyň Goranmak ministriniň çagyryş toparynyň teklibi boýunça kabul eden çözgüdi esasynda. 2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen raýatlardan başga-da, şu raýatyň harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilmegine hukugy bardyr: 1) Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanan – ygtyýarlyklarynyň möhletine barabar; 2) ýokary pedagogik bilimi bolup, döwlet edarasynyň ýollama haty bilen obadaky orta okuw mekdebinde pedagogik wezipede işleýän – işlän döwrüne barabar; 3) 16 ýaşa ýetmedik iki we şondan-da köp çagasy bar bolan ýa-da çagalygyndan maýyp, I ýa-da II topar maýyp çagasy bolan ýalňyz zähmet çekmäge ukyply ene-atasy (kakasy ýa-da ejesi) bolan – eger kanun boýunça ekläp-saklamaga we olar barada alada etmäge borçly bolan başga zähmete ukyply adam bolmasa. 3. Şu maddanyň 1-nji böleginiň 1, 2, 5 we 6 bentlerinde we ikinji böleginiň 1, 2 bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek ofiser harby adyny dakmak bilen ätiýaçlyga geçirilen raýatlara hem degişlidir. 4. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilmek hukugy beýleki raýatlara hem berlip bilner. (Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 19-njy madda)

Raýatlary harby gulluga çagyrmagyň möhletleri?

Raýatlary harby gulluga çagyrmak çäreleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary esasynda ýylda iki gezek – 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli hem-de 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli aralykda geçirilýär. (Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 20-nji madda).

Harby gulluga çagyrylmagy bilen baglanyşykly raýatlaryň we wezipeli adamlaryň borçlary haýsylar?

Harby gulluga çagyryşa degişli raýat (şol sanda dürli sebäpler bilen saparda bolýan çagyryşa degişli raýat bir aý möhletiň içinde) ýaşaýan ýeri boýunça harby wekilligiň çagyrmagy esasynda lukmançylyk güwä geçmesine, çagyryş toparynyň mejlisine gelmäge hem-de harby wekiliň çagyryş haty esasynda harby gulluga gitmek üçin gelmäge borçludyr. 2. Kärhananyň, edaranyň, guramanyň wezipeli adamlary harby wekilligiň çagyrmagy boýunça harby gulluga çagyrylýan raýatyň (şol sanda iş saparyndaky raýatyň) öz wagtynda gelmegini üpjün etmäge borçludyr. 3. Okuwyny dowam etdirmek üçin harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilen (şol sanda daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde okaýan) raýatlar 27 ýaşy dolýança harby gulluga çagyryş meselesi bilen baglylykda harby wekilligiň çagyrmagy esasynda harby wekillige gelmäge borçludyr. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary (konsullyklary) daşary ýurtlarda wagtlaýyn ýaşaýan we 18 ýaşy dolan Türkmenistanyň erkek raýatlarynyň hemişelik ýaşaýan ýerleri boýunça harby wekilliklere gelmeklerini üpjün etmelidirler. (Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 26-njy madda).

Zähmet gatnaşyklarynda ýüze çykyp biljek soraglara kanuny jogaplar

 

 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik