BIZNES

«Halkbank terminal» täze mobil ulgamy işe girizilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.  Mejlisiň dowamynda hökümet Baştutanynyň orunbasary «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan «Halkbank terminal» täze mobil ulgamyny işe girizmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bu ulgam ýurdumyzyň söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmek, harytlar üçin hasaplaşyklaryň ygtybarlylygyny artdyrmak maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. «Halkbank terminalynyň» ulanyşa girizilmegi bilen, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda ulanylýan töleg terminallarynyň ornuna degişli amallary sanly ulgamda amala aşyrmaga ukyply bolan programma üpjünçiligini ykjam telefonlara ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Ähli  amal görnüşleri sanly ulgamda

Täze ulgamyň girizilmegi karz edaralary tarapyndan söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň töleg terminal enjamy bilen üpjün etmek, onuň abatlaýyş işleri ýaly, şeýle hem döwlet we döwlete dahylsyz edara-kärhanalaryna, telekeçilere degişli terminalyň işjeňligi üçin zerur bolan goşmaça çykdajylaryny aradan aýyrmaga ýardam eder. Munuň özi töleg terminalynda häzirki günde hereket edýän ähli amal görnüşlerini sanly ulgamda amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bank ulgamyny ösdürmegiň degişli maksatnamalarynyň çäklerinde görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, häzirki wagtda karz bermek, nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň hyzmatlaryň adaty usulyna öwrülýändigini nygtady.

Soňky ýyllarda ulanyjylaryň «Internet-bank» we «Mobil-bank» ulgamlarynyň kömegi arkaly islendik hyzmat ýa-da haryt üçin tölegleri amala aşyryp bilmekleri üçin sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Türkmenistanlylar tarapyndan «Altyn asyr» bank kartlarynyň ulanylmagy pul dolanyşygyny ösdürmekde täze tapgyry açdy.

Beýleki banklarda hem şeýle ulgam işlener

Türkmenistanda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň möhüm düzgünleriniň hatarynda internet üpjünçilik ulgamlaryny pugtalandyrmak baradaky düzgün bar. Munuň pudaklary ösdürmegiň esasy şerti bolup durýandygyny nazara almak bilen, ilatyň, telekeçiligiň we döwletiň bu ulgama çekilmeginiň derejesini ýokarlandyrmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz «Halkbank terminal» täze mobil ulgamynyň ähmiýetini belläp, wise-premýere bu ugurda işleri amala aşyrmaga işjeň girişmegi, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki banklary tarapyndan şeýle ulgamlaryň işlenip taýýarlanylmagy baradaky meseleleriň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

“Bloomberg”: Mask 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ilkinji adam