BILIM

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 500 talyp kabul ediler

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi şu ýylyň 14-nji iýuly — 25-nji awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.

Giňişleýin Hökümet mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýyl Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binalarynyň ulanmaga berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň 27-nji iýunyndaky Permanyna laýyklykda makullanyp, täze döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine şu ýyl 500 talyby kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Bu uniwersitet 2025-2026-njy okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça binagärlik, binagärlik gurşawynyň dizaýny, senagat we raýat jaý gurluşygy, gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary, önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy, agronomçylyk, azyk önümleriniň tehnologiýasy, weterinar lukmançylygy, senagat balykçylygy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (telekeçilikde), işewürlik we telekeçilik, söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar, halkara işewürlik, işewürligi dolandyrmak, işewürlik hukugy ulaldylan topar boýunça taýýarlygyň ugurlaryna talyplyga kabul eder.

Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda, türkmen we iňlis dillerinde geçiler. Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — türkmen we iňlis dilleri boýunça dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamalary boýunça okuw) deň bolar.

Talyplar dil taýýarlygyny geçenlerinden soňra, 1-nji okuw ýylynda bakalawr maksatnamasy esasynda bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlary boýunça bilim alarlar.

Talyplar 2-nji okuw ýylyndan, isleglerine hem-de okuwa ýetişigine görä, bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlaryna girýän taýýarlygyň degişli ugurlary boýunça okuwlaryny dowam ederler.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Himiki we nanotehnologiýalar fakultetiniň binasynda ýerine ýetiriler.

Ýene-de okaň

Bäherden etrabynda täze çagalar bagy açyldy

Pekindäki mekdeplerde emeli intellekt boýunça hökmany sapaklar girizildi

Amerikanyň iň gowy 25 döwlet uniwersiteti: 8-si Kaliforniýadan

Ýol hereketiniň howpsuzlygy: Aşgabatda okuwçylar üçin amaly-tejribe okuwy guraldy

Ata Watan Eserleri

1-nji synp okuwçylaryna “Bilimli” atly noutbuk kompýuterler sowgat berildi

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine halkara derejeli güwänamalar we baýraklar gowşuryldy