BILIM

Halkara Sanaw :Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini goşmak

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisininde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow milli Liderimiziň ozal berlen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu meseleleri öwrenmek üçin hem-de umuman, ýokary hünär bilimini bermek ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, iş topary döredilip, onuň düzümine Bilim, Daşary işler we Adalat ministrlikleriniň hünärmenleri girdi.

Topar bilim edaralaryny bu sanawa goşmak üçin halkara guramalary tarapyndan kesgitlenilen ähli görkezijileri öwrenip, «Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny» taýýarlady.

Meýilnama laýyklykda, ýokary okuw mekdepleri halkara akkreditasiýasyny alarlar, talyplaryň we professor mugallymlaryň halkara akademiki hereketliligi ýola goýlar, dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribäniň esasynda okuw we ylmy işlerine innowasion usullar ornaşdyrylar.

Şeýle hem ylmy-mugallymçylyk işgärleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek hem-de tölegli esasda okadylýan ýokary okuw mekdeplerini hojalyk hasaplaşygyna tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary bilim ulgamyna dünýä ölçeglerini ornaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtap, milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugry bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi.

Ýurdumyzda üstünlikli geçirilýän düýpli özgertmeler hem-de täze taryhy eýýamyň ägirt uly işleri hut bilim we ylym ulgamynyň ösüş derejesine, ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylyşyna köp babatda baglydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejeli abraýly ýokary okuw mekdepleriň sanawyna goşulmagynyň türkmenistanlylaryň ýaş neslini ruhubelent okamaga, täze bilimleri hem-de häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalaryny işjeň özleşdirmäge gönükdirjekdigini belläp, wise-premýere bu ugurdaky işleri işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar