BILIM

Halkara olimpiadada medal gazanan okuwçylar sylaglandy

Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebinde XXII Halkara Žautykow olimpiadasynda ýeňiji bolan ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Mekdep okuwçylarynyň bu abraýly halkara bäsleşiginde 1 sany altyn, 4 kümüş we 11 sany bürünç medala eýe bolmaklary Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalarynyň, hemmetaraplaýyn bilimli, intellektual we ruhy taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek meselelerine berýän hemişelik ünsüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ─ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylan ilkinji anyk netijeleridir.

Halkara Žautykow olimpiadasy 2005-nji ýyldan bäri Gazagystanyň Magaryf ministrliginiň “Daryn” ylmy-amaly merkeziniň guramagynda geçirilýär. Bu olimpiada her ýyl fizika, matematika, informatika okuw derslerinden geçirilip, ol Halkara derejesine eýedir. Onuň maksady mekdep okuwçylarynyň arasynda fizika, matematika, informatika ylymlaryny ýaýbaňlandyrmakdan, dürli ýurtlaryň ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň arasynda dostlukly özara gatnaşygy ýola goýmakdan we tejribe alyşmakdan ybaratdyr. Halkara Žautykow olimpiadasyna ýurdumyzyň mekdep okuwçylary 2010-njy ýyldan bäri gatnaşyp gelýärler. Bu halkara olimpiadasyna gatnaşýan ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň gazanýan üstünlikleri ýyl-ýyldan artýar.

2026-njy ýylyň 10-14-nji ýanwary aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Magaryf ministrliginiň “Daryn” ylmy-amaly merkeziniň guramagynda matematika, fizika we informatika dersleri boýunça XXII Halkara Žautykow olimpiadasy Almaty şäherinde geçirildi. Halkara olimpiadasyna ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan saýlanan 28 okuwçy gatnaşyp, jemi 16 döwletden       600-den gowrak okuwçylar bäsleşdiler. Ýurdumyzyň zehinli ýaşlary bu halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanlylara Ýewropa ýurtlarynda magistr maksatnamasy üçin okamak mümkinçiligi