JEMGYÝET

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndakyHowandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň bäş ýyl dolýandygyny belläp, gazna döredilen gününden bäri abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk saklaýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazarda tutup, käbir halkara guramalarynyň wekillerini Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini we türkmen halkyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndakyHowandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

GAZNA BARADA…

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylyň mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredildi.

Guramanyň esasy maksady – howandarlyga mätäç çagalara goldaw bermek we olaryň durmuş şertlerini we saglygyny gowulandyrmak.

Öz alyp barýan işiniň çäklerinde Gazna çagalary derman serişdeleri, lukmançylyk enjamlary, şol sanda häzirki zaman gemodializ apparatlary bilen üpjün edýär. Hereket edýän ýyllarynyň dowamynda Gazna Türkmenistan boýunça ýüzlerçe çagalara lukmançylyk kömegini berip, 700-den gowrak operasiýalary we sagaldyş-dikeldiş boýunça maksatnamalary maliýeleşdirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. Gurama ynsanperwerlik missiýalaryna gatnaşýar. Has takygy, Gazna Täjigistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Ukrainanyň, Russiýanyň, Owganystanyň we Palestinanyň çagalaryna, ýaňy-ýakynda Eýranyň çagalaryna dermanlar, çagalar eşikleri we azyk önümlerini ýollady.

Gazna dürli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny işjeň pugtalandyrýar. Olaryň hatarynda Sun Szinlin adyndaky gaznasy (Hytaý), Geýdar Aliýew gaznasy (Azerbaýjan), Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bar.

Ýene-de okaň

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri