SIZDEN GELENLER

Halkara gatnaşyklarynyň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary barha berkeýär. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň netijesinde bilelikdäki ösüş üpjün edilýär.

Ynsanperwer daşary we içeri syýasatyň amala aşyrylmagy netijesinde türkmen halky dünýä jemgyýetçiliginiň hormatyna mynasyp bolýar. Durnukly ösüşler bilen öňe barýan Türkmenistan dünýewi, hukuk we demokratik ýurt, Milletler Bileleşiginiň işjeň agzasy, Bitaraplyk taglymatynyň mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitli işlerde ulanýan döwlet hökmünde tanalýar. Ähli ösüşleriň, özgertmeleriň mazmunynyň özeni bolsa, parahatçylyk, howpsuzlyk, ynsan bähbitleri we adamyň abadançylygy, onuň jemgyýetde mynasyp ornuny tapmagy hem-de döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi ýaly ýörelgelerden ybarat bolup durýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan daşary ýurt saparlary ýurdumyzyň halkara diplomatiýasynyň geriminiň has-da giňeldilmegine ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem halkara hyzmatdaşlygyny dürli ugurlarda has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär.

Üstümizdäki oktýabr aýy hem halkara hyzmatdaşlyk babatda möhüm aýlaryň biri boldy. Golaýda hormatly Prezidentimiz özüniň Türkiýe Respublikasyna ilkinji saparyny amala aşyrdy. bu sapar Türkiýe Respublikasynyň milli baýramynyň 100 ýyllygynyň öňüsyrasynda amala aşyrylmagy bilen özboluşly häsiýete eýe boldy.

Ankarada geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklardan görnüşi ýaly, türkmen tarapy Türkiýe bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýär.

Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine gol çekilmegi döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirip, Türkmenistan we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdüriljekdiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran sapary hem türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýylýazgysynda täze sahypany açdy. «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýylynda» 140 döwletiň, halkara guramalaryň 30-synyň wekillerini bir ýere jemlän «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahata Türkmenistan döwletimiziň hem hormatly myhmanlaryň hatarynda çagyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasatyna goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine öz goşandyny goşup gelýär. Hususan-da, sebitiň döwletleri bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ýörelgesi bolup durýandygyny bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan, şu günler paýtagtymyzda geçirilýän  “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk  forumynyň 16-njy maslahaty hem örän wajypdyr. Bu möhüm maslahat gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Jin özüniň ilkinji saparyny amala aşyrýar. Şeýle hem Merkezi Aziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşyp, sebit hyzmatdaşlygyny dürli ugurlarda has-da ösdürmek ugrundaky tagallalary maslahatlaşýarlar.

Umuman, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy gülledip ösdürýän, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy täze belentliklere çykarýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!

Selbiniýaz Goçmyradowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri