JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Ankaradaky sammite gatnaşdy

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdan daşary ýokary derejedäki sammiti geçirildi. Oňa  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň başlyklyk etmeginde Prezident köşgünde geçirilen sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kybanyçbek Ömüraliýew gatnaşdy.

nobatdan daşary sammitde adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwer kömeklerini bermek. şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň ýetiren ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmak ýaly meselelerde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylýar.

Şeýle hem gün tertibindäki halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşarlar. Sammitiň maksatnamasynyň çäklerinde ikiçäk duşuşyklaryň geçirilmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar