DÜNÝÄ

Halk Maslahatynyň Başlygy Tatarystanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklaryna mahsus bolan özara düşünişmegiň ýokary derejesi nygtaldy. Munuň özi taraplaryň köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň täze, netijeli guralyny döretmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde golaýda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň ähmiýeti bellenildi.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Kabulhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Tatarystanyň ýokary döwlet sylagyny gowşurmak dabarasy boldy.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany dabaraly ýagdaýda okalýar. Gahryman Arkadagymyz bu ýokary döwlet sylagyna Tatarystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky aýratyn hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» atly ordeni gowşuryp, şu mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rustam Minnihanowa we ähli tatarystanly dostlarymyza Tatarystan Respublikasynyň şu ýokary döwlet sylagynyň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

 

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystana sapary

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar