JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy: parlament diplomatiýasy parahatçylygyň guralydyr

Russiýa Federasiýasyndan resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Geňeşiniň 532-nji mejlisinde çykyş etdi. Bu barada Russiýanyň Federal Geňeşiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Federal Geňeşiň Başlygy Walentina Matwiýenko mejlisiň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygynyň hut özüniň gatnaşmagynda we başlangyçlary esasynda köptaraplaýyn parlament gatnaşyklarynyň ýokary derejä çykandygyny belledi.

Soňra mejlisde çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdiler.

Halk Maslahatynyň Başlygy halkara we iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi.

Halk Maslahatynyň we Federasiýa Geňeşiniň hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara topary barada aýtmak bilen, Halk Maslahatynyň Başlygy onuň döredilmeginiň örän wajyp bolup durýandygyny mälim etdi.

“Türkmenistan-Russiýa parlament gatnaşyklary sebitde we global derejede parahatçylygyň we durnuklylygyň güýçlenmegine goşant goşýar. Parlamentleriň agzalarynyň halkara forumlaryň işine gatnaşmagy, syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň üstünlikli geçmegi üçin amatly kanuny şertleri döretmäge gönükdirilendir.” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belläp geçdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy, umuman aýdylanda, parlament diplomatiýasynyň tutuş dünýä syýasy gün tertibine goşant goşmaga we oňyn itergi bermäge hem-de halkara derejesinde ykrar edilen hukuk kadalarynyň, BMG Düzgünnamasynyň düzgünleriniň, esasy şertnamalaryň we konwensiýalaryň ýitmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýändigini belledi.

GDA-nyň Parlametnara Assambleýasynyň çäginde hem iki ýurduň deputatlarynyň işjň hyzmatdaşlyk edýändigini bellän Halk Maslahatynyň Başlygy sebit we sebitara forumlarynyň möhümdigini belläp, muňa şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň Parlamentara forumynyň hem-de  Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň mysal bolup durýandygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biriniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bolup durýandygyny belledi. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygyny, eksport-import amallarynyň möçberiniň giňeldilýändigini, iki möçberi tasmalaryň durmuşa geçirilýändigini bellän Halk Maslahatynyň Başlygy energeitka, ulag, ýokary tehnologiýalar we oba hojalygy ýaly ugurlary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda rus diline, edebiýatyna, medeniýetine we dini gymmatlyklaryna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, “Rus dili ýurdumyzyň ähli orta we ýokary orta mekdeplerinde okadylýar. Aşgabatda rus drama teatrynyň taslamasynyň we gurluşygynyň üstünde işlenilýär hem-de türkmen-rus uniwersiteti döretmek babatda pikir alşylýar” diýip, belledi.

Ýene-de okaň

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi