DÜNÝÄ

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystana sapary

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilýän “KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitiň işine gatnaşdy. Bu barada Tatarystanyň resmi habarlar agentligi habar berýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy öz çykyşynda Russiýa bilen yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly we özara düşünişmek esasyndaky gatnaşyklara barada belläp geçdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasy bilen yslam ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga gönükdirilen köp sanly taslamanyň başlangyjy hökmünde çykyş edýän Tatarstanyň aýratyn roluna ünsi çekdi.

Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Tatarystana Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlykda möhüm orun degişlidigini belledi. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ykdysady we maýa goýum ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen täze derejelere çykýandygy bellenildi.

“Esasanam, “KAMAZ”, “Tatneft”, “KER-Holding”, Kazan dikuçar zawody ýaly uly kompaniýalaryň ýurdumyzda alyp barýan işlerini aýratyn belläp bilerin. Türkmenistanda özlerini gowy görkezdiler we biziň ýurdumyz olar bilen özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegi maksat edinýär. Tatarstanly hyzmatdaşlarymyz bilen hyzmatdaşlygymyzy güýçlendirmek isleýäris” – diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Tatarystanyň ylym hem-de ylym-önümçilik mümkinçilikleriniň uludygyny bellän Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistandan 5 müňe golaý talybyň Tatarystanda bilim alýandygyny belledi. Tatarystan bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, hususan-da ýokary tehnologiýalar ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak işiniň gerimi kem-kemden giňeldilýär.

 

 

19-njy maý baýramçylygy Aşgabatda bellenip geçildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar