Şu günler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary dowam edýär. Halk Maslahatynyň Başlygy düýn saparynyň ilkinji gününde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen netijeli gepleşikler geçirdi.
Şu gün bolsa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň 532-nji mejlisinde çykyş etdi.
Rus metbugatynyň habaryna görä, “Russiýa iki döwletiň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň iň möhüm, aýrylmaz bölegidir we soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň parlamentarlarynyň bilelikdäki tagallalary bilen köp işler edildi. Parlamentara durnukly dialog ýola goýuldy, hyzmatdaşlyk mehanizmleri yzygiderli işe girizildi we wekiliýetleriň yzygiderli saparlary guralýar. Şeýle işe ýokary baha berýäris we ony iki döwletiň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi güýçlendirmegiň möhüm we täsirli bölegi hasaplaýarys” – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy öz çykyşynda belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçiren duşuşygynda parlament diplomatiýasynyň häzirki döwürde parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň hem-de özara düşünişmegiň guraly bolup durýandygyny belläpdi.
