2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň mejlisiniň taryhy çözgütleriniň ähmiýetine bagyşlanyp Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “HALK MASLAHATY– DEMOKRATIÝANYŇ MILLI NUSGASY” atly hoşallyk maslahaty geçirildi.
Maslahatda institutyň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň Watanymyzyň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýady bolan Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatsöýüjilik syýasaty, halkymyzyň bagtyýar geljegi baradaky çykyşlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy.
Many-mazmunly çykyşlarda Milli Liderimiziň baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek zähmet üstünliklerimiz, guwandyryjy ýeňişlerimiz hem-de bagtyýar ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany dabaraly çärä gatnaşyjylarda uly buýsanç döretdi. Eziz Diýarymyzdaky asudalyk we durnuklylyk ýagdaýynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň, Berkarar döwletiiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ýol-ýörelgeleriniň aýdyň subutnamasydygy aýratyn nygtaldy.
Hoşallyk maslahatyň dowamynda institutyň çeper höwesjeňleriniň ýerine ýetiren aýdymdyr-şygyrlarynda Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşyçylygynda alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzyň geljege rowan ösüşleri has-da dabaralandy.
Bu geçirilen hoşallyk maslahaty, Arkadag Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Şanazar Muhyýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.