Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny mundan beýläk-de baýlaşdyrmak, olary öwrenmek, wagyz etmek ýaly ileri tutulýan wezipeler 2024-nji ýylda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň çykmagy bilen öz beýanyny tapdy.
Türkmen halkynyň baý medeni mirasy hut halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesile geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamy bolup durýar. Bu gymmatlyklarymyzyň birnäçesi abraýly halkara guramalaryň çäklerinde agza döwletleriň umumy ykrar etmegi bilen dünýä mirasynyň genji-hazynasy hökmünde öz ýerini tapdy. Türkmen halky ähli döwürlerde hem kitap okamagy, bilim, ylym, sowat öwrenmegi eşretli ýaşaýşyň, halal durmuşyň we ýagty geljegiň esasy hasaplapdyr. Kitap okamak özüňi tapmak, dünýä düşünmek, pikirlenişiňi ösdürmek, ruhuňy belent tutmak ýaly peýdaly taraplary bilen ähmiýetlidir.
Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren bu kitaby hem türkmen halkynyň hiç bir zada deňäp bolmajak gymmatlyklary barada giňişleýin we täze maglumatlary öz içinde jemleýän kitapdyr.
“Hakyda göwheri” kitaby türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, medeni we ruhy mirasyna bagyşlanan gymmatly eserleriň biridir. Kitapda milli buýsanjyň we halkyň geçmişine bolan sarpanyň adam bagtyýarlygynyň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýandygy beýan edilýär. Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhy, onuň dünýä medeniýetine goşan ylmy açyşlary we gymmatly mirasy bu eseriň özeninde durýar.
Arheologik gazuw-agtaryşlaryň netijesinde halkyň gadymy geçmişine degişli täze tapyndylar ýüze çykarylýar. Alymlar bu tapyndylary ylmy esasda öwrenip, türkmen medeniýetiniň we taryhynyň nähili çuňňur köklere eýedigini subut edýärler. Daşary ýurtlaryň meşhur kitaphanalaryndan getirilen gadymy golýazmalar hem halkyň baý medeni we edebi mirasyny giňişleýin açyp görkezýär. Şeýle hem, türkmen taryhyna gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly alymlar öz ýurtlarynda saklanýan türkmen medeni we ylmy mirasyna degişli gymmatly kitaplary we işleri Türkmenistana bagyş edýärler.
Kitap iki esasy bölümden ybarat bolup, birinji bölümde türkmen halkynyň şöhratly taryhy we şol taryh bilen baglanyşykly saklanyp galan medeni-taryhy ýadygärlikler açyk beýan edilýär. Ikinji bölüm bolsa halkyň baý ruhy we medeni gymmatlyklary barada maglumatlary özünde jemleýär.
“Hakyda göwheri” kitaby hem taryhy hakykata esaslanyp, türkmen halkynyň ruhy we taryhy mirasyny öwrenmek isleýän okyjylara niýetlenen gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Bu maglumatlara baý bolan kitap milli buýsanjy mundan-da beýläk güýçlendirmäge we halkyň medeni mirasyny giňden wagyz etmäge niýetlenendir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Maral Annamuhammedowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy