Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň neşir edilip, halkymyza sowgat edilenine sanlyja wagt geçendigine garamazdan, bu eser ildeşlerimiziň gyzgyn söýgüsini gazandy. Häzirki wagtda täze kitap bilen tanyşdyrylyş dabaralaryna we onuň baý many-mazmunyny wagyz etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çärelere raýatlaryň işjeňliginiň ýokary bolmagy hem esere bolan çäksiz gyzyklanmanyň alamatydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby «Taryha syýahat», «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan baplardan ybarat bolup, onuň ylmy maglumatlara esaslanmagy okyjylary diýseň özüne çekýär. Çünki halkymyzyň şan-şöhrata beslenen baý taryhy, bahasyz ruhy mirasy her birimiz üçin ummasyz gymmatlykdyr, hazynadyr. Milli Liderimiziň uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran ylmy gözlegleriniň netijesi bolan ajaýyp kitabynda bolsa şol gymmatlyklaryň giňişleýin beýanyny tapmagy okyjylarda aýratyn uly gyzyklanma döredýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän şanly ýylymyzyň şatlykly günlerinde elimize gowşan täze kitapda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsirleri, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy dogrusynda aýratyn söhbet edilmegi has-da buýsandyrýar. «Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan geçmişi, taryhy — mertligiň, gahrymançylygyň, ygrarlygyň, belent ahlaklylygyň taryhydyr» diýen ýaly çuň manyly jümleleri özünde jemleýän ajaýyp kitap biz — bilim işgärleri üçin döwrümize mynasyp, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatynda gymmatly hazynadyr.
Bu kitapda: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryha ýaň salan, milletimize şan bolan wakalarynyň her biri aýratyn ýatlanylmaga mynasyp. Ýöne bu wakalar, täsirli pursatlar bir söhbede sygardan, bir kitaba ýerleşerden juda uly» diýlip bellenilişi ýaly, bu ýylymyzda il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli işler durmuşa geçirildi. Şeýle asylly işleriň biri-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini düýpli öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak bilen bagly boldy.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatlary halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň dowamat-dowam tapýandygyny aýdyň görkezýär.
Beýik pikirlerini şygra siňdiren akyldar şahyrymyzyň döredijiliginde-de döwletlilik ýörelgeleri babatda ajaýyp pikirler öňe sürülýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda bu babatda şeýle diýilýär: «Magtymguly Pyragynyň çuňňur many-mazmunly sözlerini, parlak pikirlerini, röwşen-nurana garaýyşlaryny, arzuw-umytlaryny durmuşa ornaşdyrmak hem döwletliligiň alamaty».
Pähim-parasada, baý döredijilige eýe bolan Magtymgulynyň pikirlerini Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda örän ýerlikli ulanýar: «Aksakgal» sözi türki halklarda ymgyr ýüki göterýän söz. Ol diňe ýaşalan ýaşlar bilen däl-de, bitirilen işler bilen gazanylýan dereje. Aksakgallyk kethudalykdyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Beg, töre, aksakgal ýurduň eýesi» diýen setiri-de hut şuňa yşarat edýär».
Türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, baý medeni mirasyna, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerine aýratyn sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda taýsyz tagalla edýän, gymmatly eserlerini sowgat berýän Gahryman Arkadagymyza, şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş-hoşallygymyz tükeniksizdir.
Gurbantäç Bäşimowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.