SPORT

Habibyň arzuwy hasyl boldy

Russiýanyň garyşyk söweş  görnüşi boýunça türgeni Habib Nurmagomedow, agram derejesine garamazdan umumy “UFC” guramasynyň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Amerikaly Jon Jones  bolsa ikinji orunda galdy. Mundan başga-da Nurmagomedow ýeňil agramda çykyş edýän türgenleriň sanawynda öňdeligi eýeleýär.

24-nji oktýabrda Abu-Dabi şäheriniň “Söweş adasynda  geçirilen “UFC” çempion guşagyna eýe bolan Nurmagomedow “UFC 254”-de Amerikaly Jastin Getžini ýeňdi. Duşuşyk tamamlandan soň Habib, “UFC” karýerasyny tamamlaýandygyny belledi we tutluşykdan soň “UFC”guramasyndan sanawda birinji orna çykarmagyna haýyş edipdi. Habib 29 söweşde 29 ýeňiş gazanyp bu babatda “UFC” gurmasynyň ýeňilmemezek türgenine öwrüldi. Jastin Getži bolsa bu duşuşykdan soňra ýedinji orundan onunjy oruna düşdi.

“UFC” guramasynyň söweşjileriniň täzelenen sanawy:

  1. Habib Nurmagomedow
  2. Jon Jones
  3. Israel Adesanýa
  4. Stipe Mioçiç
  5. Kamaru Usman
  6. Aleksandr Wolkanowski
  7. Dastin Porýe
  8. Maks Holloueý
  9. Petr Ýan
  10. Jastin Getži

“UFC” guramasynyň agram derjesine garamazdan, iň gowy zenan türgenleriň sanawynda öňdeligi Amanda Nunez dowam etdirýär. Braziliýaly türgen ýeňil we ýarym ýeňil agramy boýunça çempionlyk guşaklaryna eýelik edýär.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler