SIZDEN GELENLER

Gyzyl soganyň adam saglygyna peýdasy

Gyzyl sogan düzümindäki witaminler bilen adam saglygyna peýdaly bolup, ol mikroblara garşy häsiýetlere eýedir. Merkezi Aziýa gyzyl soganyň esasy ösdürilip ýetişdirilýän merkezi bolup, ol ýerde gyzyl soganyň köp dürli görnüşleri giň ýaýrandyr. Gyzyl soganyň “Taalta” görnüşi özüniň süýji tagamy bilen has tapawutlanýandyr. “Taalta” gyzyl sogany şireli we süýji bolup, onuň düzümi antioksidantlara baýdyr.

Gyzyl soganyň kaloriýasy 100 gramda önüm üçin 42 kkal bar.

Gyzyl sogan, köp peýdaly witaminleri öz içine alýar, mysal üçin B2, B1, C, A, B5, P we B6. Şeýle hem ol minerallaryň köp görnüşini öz içine alýar: demir, kaliý, magniý, mis, ýod, sink we kobalt.

Gyzyl sogan, ähli gök önümler ýaly salatlara we naharlara ajaýyp goşundydyr. Gyzyl sogan, diňe çig iýilýär, bişirilende häsiýetini ýitirýär.

Gyzyl soganlaryň reňki olaryň peýdalylygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr we soganyň bu görnüşinde ýaşlygyň we gözelligiň saklanmagynda zerur bolan antioksidantyň iki esse köpdügini bellemelidiris Gyzyl soganyň gyrmyzy reňkli antioksidantlary bedeniň çişmegine we bakterial ýokançlyklara garşy göreşmegine, süýji keseliniň, nerw keselleriniň we düwnük keseliniň öňüni almaga täsir edip, bedendäki öýjükleriň garramagyny haýallaşdyrýar.

Şol sebäpli gyzyl sogan, halk lukmançylygynda giňden ulanylýar we kalorizator hökmünde peýdalanylýar.

Mundan başga-da, gyzyl sogan, beden üçin zerur bolan witaminlere we mineral birleşmelere örän baýdyr. Şeýle-de bolsa, gyzyl soganyň baý himiki düzümi diňe bir peýdany däl, eýsem gyzyl sogany ölçegsiz iýmeklik bagyr, böwrek we aşgazan-içege kesellerinden ejir çekýän adamlaryň bedenine zyýan ýetirýär. Şonuň üçin bu gök önüm bilen ölçegden daşlaşmaň.

Dünýägözel ARAŞOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

 

 

Sanly ulgam – ösüşleriň binýady

Ýene-de okaň

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury