DÜNÝÄ

«Gyzyl kürte» we «Gyzyl alma» türkmen filmleri Rumyniýada görkezildi

2025-nji ýylyň 5-7-nji sentýabry aralygynda Rumyniýanyň Konstansa welaýatynyň Tekirgýol şäherinde «KURULTAI» atly 10-njy Halkara türk–tatar medeniýet festiwaly geçirildi. Festiwal Rumyniýanyň ÝUNESKO boýunça Milli Komissiýasynyň howandarlygynda hem-de Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen guraldy.

Bu ýyl türkmen tarapy hem bu çärä gatnaşyp, türkmen kinematografiýasynyň baý medeni mirasyny we häzirki zaman ugurlaryny açyp görkezýän birnäçe milli filmleri hödürledi. Festiwalyň çäginde režissýor Syhysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» we režissýor Hekim Alowowyň «Gyzyl alma» atly filmleri görkezildi. Ikinji film Gahryman-Arkadagymyzyň kitabyndaky lirik rowaýatyň esasynda döredilip, türkmen halkynyň milli däp-dessurlary we gymmatlyklary, halkymyzyň dogruçyllygyny we zähmetsöýerligini wasp edýär.

Türkmen filmleriniň görkezilişi halkara döredijilik çykyşlaryny, sergileri, ussatlyk sapaklaryny, milli oýunlary we senetçilik işleri öz içine alýan giň gerimli festiwal maksatnamasynyň bir bölegi boldy.

Festiwalyň resmi açylyş dabarasy Tekirgýoldaky Žan Konstantin adyndaky tomusky teatrynda geçirildi. Oňa dürli ýurtlaryň wekilleri, diplomatlar, resmi şahsyýetler hem-de medeniýet, sungat we milli sport ugurlarynyň görnükli adamlar gatnaşdy.

«KURULTAI» festiwaly halklaryň medeni mirasyny gorap saklamaga we wagyz etmäge, medeniýetara dialogy berkitmäge hem-de medeni däp-dessurlaryň dürlüligini goldamaga gönükdirilendir. Türkmen tarapynyň gatnaşmagy we türkmen filmleriniň görkezilişi Türkmenistanyň medeni alyş-çalyşlara hem-de halklaryň arasyndaky dostlugyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandyny bellendi.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy