MEDENIÝET

“Gyzyl kürte” filminiň dabarasy dag aşýar

Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» çeper filminiň dabarasy dag aşýar. Şu ýylyň maý aýynda tanyşdyrylan hem-de türkmen halkynyň uly söýgüsini gazanan “Gyzyl kürte” filmi giň halkara medeni jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.

Film giň jemgyýetçilige hödürlenen gününden bäri dünýäniň ençeme ýurdunda köp sanly halkara festiwallarda görkezildi. Türkiýäniň, Russiýanyň we Özbegistanyň kino muşdaklaryna hödürlendi.

Häzirki günlerde Türkiýäniň Bursa şäherinde türki döwletleriň gatnaşmagynda “Korkut ata” film festiwaly geçirilýär we şol fistiwalda görkeziljek filmleriň hatarynda “Gyzyl kürte” filmi hem bar.

Bu film barada ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Ol hem Belarus Respublikasynda geçirilýän “Listopad” halkara kino festiwalynyň “Altyn kolleksiýalary” toparyna “Gyzyl kürte” filmi hem saýlanyldy.

Şu ýylyň 4-11-nji noýabry aralygynda Minsk şäherinde “Listopad” halkara kino festiwaly geçirilip, belarus halkynyň kino söýüjileri hem “Gyzyl kürte” çeper filmi bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.

“Altyn kolleksiýalary” toparynda “Gyzyl kürte” filmi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan umumy ýeňşi hem-de urşa giden ýoldaşynyň ýoluny gözlän hem-de türkmen zenanlarynyň durmuşynda aýratyn orun alan kürtäniň ähmiýetini açyp görkezýändigi giňden beýän edilipdir.

Bilşiňiz ýaly, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygyny Sahysalyh Baýramowyň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen «Gyzyl kürte» atly çeper filmde uruş ýyllarynda tylda ýar ojagyny saklap gelen bir zenanyň ömrüniň ahyryna çenli kürtesini başyndan aýyrman ýaşandygy bilen baglanyşykly waka janlandyrylýar.

Bu film barada Halkara “Atavatan Türkmenıstan” žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtynyň okyjylary üçin birnäçe makalalar çap edildi. Şeýle hem media toparymyzyň “Atavatan Tv Youtube” kanalymyzda filmde surata düşen aktýorlaryň gatnaşmagynda gepleşik taýýarlanyp, tomaşaçylara hödürlenipdi.

 

Ýene-de okaň

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň festiwaly geçiriler

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri