HEKAÝALAR

 Gyzyl kürte

                                                                                                                                                            Hekaýa

Injiliň süresinden alnan ýaly bu gamly wakany obamyz entegem unudanok. Asla men undularam öýdemok. Sebäp ol söýgi, onda-da birek-biregiň ýüzüni görülmän, ömrüňde diňe bir gezek söýülýä söýgi barada. O söýgüni üç kişi bilýär – bir-ä meniň oglan gözlerim, birem asmandaky bendiwan durnalar, onsoňam Ýerbendiň gamgyn ýelleri…

***

Şol gün şu günki gün ýaly hakydamda. Toý güni nika gyýyljak bolanda şähere ony-muny almak üçin giden Meretlä derek oň gysgajyk, ýöne düşnükli edilip ýazylan haty geldi. Hat eplem-üplem edilen köne gazetiň gyrasyna ýazylypdyr. Haty ýazmak oňa-da aňsat düşmedik borly. Ol üçlükden ýokary baha almaýan okuwçynyň göwnemän gol çekişi ýaly başly-baratlydy. Hat göni gelniň özüne ýazylandy.

“Men “toýa” – jeňe gitmeli boldum. Senden etjek haýyşym, tä men öwrülip gelinçäm başyňdaky kürtäňi aýyrma. Men gelerin. Garaş…”.

Bu düşüniklidi, şonuň ýalam gorkulydy. Sebäp ol daýylaryna gezmäge gidenokdy. Jahanda uruş barýardy. Indi agşam nika gyýylmalydy. Indi näme etmeli bor? Oňam ugry tapyldy. Perzendi üçin hemişe süýdüň ysy gelip duran enäniň kükregi ýaly Meretliniňem başyndan aýyrmaýan ömür-ha der gatyşykly erkek adamyň ysy gelip duran telpegine gyýyldy.

Şol günden başlabam Göwher gelnejemiň başyndan gyzyl kürte aýrylmady. Ol indi guýa suw almaga gitse-de, köşek sürmäge gidende-de, hatda düýe saganda-da başyndan kürtesini aýyrmaýardy.

Elbetde, ol ony Meretliniň sargydy üçin edýärdi. Ýöne ol oňa owadanam gelişýärdi. Obamyzam ony gowy görerdi. Sebäp gyzyl kürte toýy ýatladýardy. Meniň oglan göwnüme her gezek Göwher gelnejemi göremde bu gün bolmasa, ertir hökman toý tutulaýjak ýalydy. Sebäp kürte bary-ýogy bir aý, kyrk gün başyňa atylsa-da oňa yhlas edilip iň beýik nagyş salynýardy. Ol gyzlyk dünýesi bilen gelinlik dünýesiniň arasyndaky ýalňyz perdesi. Onsoň neneň ol apalanmajak.

Soň Meretliniň näme üçin toýa gelip bilmänligem aýan boldy. Toýa bäş-alty gün galanda, ol toý üçin odur-budur almaga şähere gaýdýar. Şol ýerde-de uruş turanlygyny eşidip, öz arzasy bilen Watan goragyna gidýär. Yzyna habar edeýin diýse-de, Ýerbendiň oýuna çenli düýeli pesinden üç gün ýol ýöremeli. Şoň üçinem ol haty ugratmaly bolýar.

***

Täze gelin – Göwher gelnejem obamyzyň gyzy däldi. Ol daşdan – baryp-ha tejenaýagyndan guda bolnup alnypdy. Ýöne ol ýanýoldaşsyzam bolsa, obamyz bilen bahym öwrenişdi. Sebäp ol, adamsyny görmedigem bolsa, ony ömrüňde diňe bir gezek söýülýän söýgi bilen söýýärdi. Men ony onuň edýän hereketlerini ogrynça synlap duýýardym. Sebäp ol agşamlaryna Meretliniň geýen eşiklerini ýeke-ýekeden ysgaşdyryp, garaja öýüň tärimlerinden asyşdyryp goýýardy. “Öýden erkek adamyň ysy gelip dursa ýagşy” diýip, Meretlini ýatladýan hemme zady elýüzüne çykaryşdyrardy. Hat-da oň çokaýydyr ýelkenine çenli gapyň agzynda goýýardy. Hamana daş çykanda aýagyna sokup gider ýaly.

Köplenjem ol menden  ogrynça özüne nika gyýylan telpegi – Meretliniň ysy gelip duran telpegi bagryna basardy. Ýöne ol başyndaky kürtesini diňe gyşaran wagty aýyrýardy.  Bardy-geldi çöp-çalama ilişip gaçaýsa-da, ýa-da ýel başyndan sypyraýsa-da, etmesiz iş eden ýaly, basym başyna atardy.

Käte-de ol utanjyrap şeýle sowal beredi.

– Öwekge, aýtsana ýüwürjim, ol nähili oglandy?…

Meretliniň burnunyň deşikleri giňdi. Ýörände-de aýagyny gowkardyp basýardy. Bu onuň aty köp münenligindendi. Ýöne oň gamgyn gözleriniň gyrasynda sakanyp galan çaganyňky ýaly mähremlik, ýaş oglanyňky ýaly aýdyň ýüzüni açyk görkezýärdi. Şonuň üçinem men oň diňe gowy taraplaryny gürrüň bererdim.

Göwher gelnejem meň oglan gürrüňlerimi diňläp süýjülik bilen “ýene aýtsana” diýýän ýaly ýüzüme serederdi. Menem oň göwnüni göterjek bolup, Meretli ýekeje towşan tutmadygam bolsa, oňa “a:wandy” diýip aýdardym. Ömründe bil tutup görmedigem bolsa, “pälwandy” diýerdim. Has kelläm gyzan wagty bolsa, “Meretli bar ýerinde dogan hökman däl, ol hemme gumla dogan” diýýärdim. Muňa Göwher gelnejem hezil edip gülerdi. Meniň oýun edip, aldaýanymy bilibem gaharlanmagyň deregine hasam beter gülerdi.

Käte-de, ol onuň nämäni gowy görýänini sorardy. Şonda men öz gowy görýän naharymy aýdardym.

– Içine azajyk burç atylan unaşy… Hemem gowrulan kädi çigidiniň ysyny.

Şol gün Göwher gelnejem unaş bişirerdi. Hemem birýerlerden kädi çigidini tapyp gowrardy. Şonda garaja öýüň içine gowrulan kädi çigidiniň ysynyň gelşi ýaly Meretliniňem derjigen ysy gelýän ýaly bolardy.

Şol gün unaşam bişerdi. Meretliniň paýy diýibem azajyk köpüräk ederdi. Soňam hamala Meretli ýanynda oturan ýaly, ýene bir çemçäni tabagyň gyrasynda goýardy.

***

Obamyz şeýle uly däldi. Bary-ýogy ýigrimi bir hojalyk bardy. Şoňam, bar bolan erkek göbeklisiniň on üçüsi urşa diýip çykyp gidipdi. Ýigrimi bir öýden, on üç adam – bu kändi. Ýöne onda-da, her kim ýürege salnan ýarany özüçe göterip ýördi. Sebäp adam uzak ýyllap hasratyň içinde ýaşasa ol gepe däl-de, üme-de düşünjek eken. Gürleşmek hökmanam däldi. Indi olar hasrat bilen düşünişýärdiler.

Urşuň eýýam üç ýyly geçipdi. Ýöne Göwher gelnejem başyndan henizem gyzyl kütresini aýranokdy. Indi obamyzam oňa öwrenişensoň, ol ilkinji bolup obamyzda dikilen ýeňiş baýdagy ýaly bolup görünýärdi.

Şeýle günleriň birinde urşa gerek diýip, Kümüşguýrugy uzyn nowaly gara maşyna ýükläp alyp gitdiler. “Urşa gerek” diýlensoň hiç kim sesini çykarmady. Ýöne obamyz hasam boşan ýaly boldy. Iň ýamanam Göwher gelnejem bozuldy. Sebäp Kümüşguýruk Meretliniň atydy. Onuň her bir kişňemesi, her bir agynamasy, her bir çapuwy Meretlini ýatladýardy. Şonuň üçin ol, öz ýüregini rahatlandyrmak maksady bilen ýuwaşça pyşyrdap, garaçyny bilen şeý diýerdi.

– Sag aman bolsa ol, atyna münüp öwrülip geler…

Men şonda oň ýüreginiň sesini eşidýän ýaly bolardym.

Şol günüň ertesi biz çaý içip otyrak Göwher gelnejemiň käsesinde çöp çommally. Muňa ol çaga ýaly begendi.

– Öwekge gör, çöp çommalýa, buşluk habary geler…

Bu söze menem begendim. Göwnüme selin tümmekleriniň aňyrsyndan bir gara görnüp, sag-aman Meretliniň gelýänini buşlaýjak ýaly bolup durdy.

Ahyry myhman geldi. Ýöne ol şol gün däl-de, ertesi gelli. Myhman Bäherden sebitinden düýesini gözläp ýören, birneme ýaşan adamdy. Ol Meretliniň geljegini buşlamadygam bolsa, hoş habar getirdi.

– Biziňkiler olaň ökjesini sydyrdadyp barýarmyşlar. Bu gün bolmasa, ertir yzlaryndan ýeterler.

Şol gün ýeke men däl, Göwher gelnejemem rahat ýatdy. Ol başyny ýassyga goýaýmanka-da şeý diýdi.

– Biziňkilere pyýada kowalama kyn bolýandyr. Kümüşguýruga münensoňlar bahym ýeterler…

Biz şeýle pikir bilen ýatdyk. Sebäp Kümüşguýruk ýyndam atdy.

***

Uruş paýawlap barýardy. Gidenler dolanyp başlady. Kim ýaralydy, kimem ýaralydanam gowy däldi. Ýöne Göwher gelnejem näçe delmuryp seretse-de, Meretli gara berenokdy. Şonuň üçinem ol özüni näçe mertlige salsa-da zenan ýüregi ejiz gelýärdi. Hasam kimdir biri ýaralanyp gelse ilen-çalanyny sorap, obamyzyň hemmesi barardy. Hemmeler bilen bile Göwher gelnejemem barardy. Meretliden habar bolmansoňam, ýene lapykeç bolardy. Men şonda oň perişan ýüzüne seretmejek bolardym. Ýöne barybir seredýärdim.Ýöne onda-da ol mertlige salyp ýyljyraklaýardy. Emma ol özi ýaly gelinleriň birki-üç çagany yzyna tirkäp ýörenini görende, zenan hökmünde kemsinýärdi. Tomalanyp barýan çagajyklaryň yzyndan guwançly seredýärdi. Men şonda, oglanam bolsam oň mährem ene boljakdygyny aňýardym.

Bir gezek geçip barýarkak goňşy gelinleriň biri ene hamraklygy bilen sallançagy patdylladyp çagajygy ýatyrjak bolýardy. Ýöne çagajyk ýatarly däldi. Şoň üçin ýaş ene öz hüwdüsini – ene hüwdüsini aýtmaly bolly. Hüwdi maňa tanyşdy. Gumly gelinler ony hernä, Gadyr gijesi bäbäjigine ýagşy dileg edip aýdardy.

Balam Aýyň bölegi,

Torgaý guşuň ýelegi.

Gadyr gije arzuw etse,

Hasyl bolar dilegi…

        

Göwher gelnejem şol gün ýaş enäniň hüwdüsi kesilýänçä gözüni ýumup kän durdy. Hüwdi bolsa mylaýymdan-mylaýym syzylyp enäniň kalbyndan çykyp durdy.

Bir gezegem ol ikigat, hamyla zenany görüp, özi bilmezden oňa tarap ýöneldi. Soňam ol tä bäbejik dünýäniň gyrasyndan girýänçä, hamana ozi oň burgusyny çekýän ýaly bolup ýaşady. Käte ol ýakymly ýadawlygy başdan geçirýän ýaly, lezzetli yňranjyraýardy. Käte-de, gussaly, şonuň ýalam süýji iňňilli bilen iňlärdi. Men oň başyndan geçirýän süýji, şonuň ýalam hasratly duýgusyny görmejek bolýadym. Ýöne bary bir syzýadym. Hemem uly dünýede zenan üçin ene bolmak bagtyndan başga uly bagtyň ýoklugy barada kiçem bolsam pikir ederdim.

Uruş eýýämler gutardy. Göwher gelnejemiň saçyna-da ellinji gyşyň gary sepeledi. Indi ol gyzyl kürtäniň deregine ýaşyl mahmaldan edilen başatgyç atynýardy. Başatgyjam ýaşyl reňkde bolannanmy-nämemi oňa gowy gelişýärdi. Ýöne men toýy ýatladyp duran gyzyl kürtäni gowy görýärdim.

Her ýaşyň öz gözelligi bar diýleni. Ellinji baharam Göwher gelnejemi gowy garşy aldy. Indi ýaşyl başatgyç kümüşsöw saçlaryň üstünden hasam gowy görünýärdi. Saçy agardy diýmeseň ol şol öňküsi ýaly gelindi. Indi obamyzam, uly-kiçi hemme oň adynyň yzyna gelin sözüni goşup oňa “Göwher gelin” diýip ýüzlenýärdi.

Şeýdip ömrüň ala meýdany geçip durdy. Göwher gelnejemem birneme agraslandy, az geplegen boldy. Oňa derek ol köp pikir edýärdi. Oň näme hakda pikir edýändigini men bilemokdym. Ýöne oň üýtgeşikdigini, has täsindigini syzýardym. Sebäp ol käteler öz edýän pikirlerini özündenem gysganýan ýaly bolup ýaşaýandygyny men görýärdim.

Soňky bir döwür bolsa ol, obamyzyň ilersindäki “Enebeýigiň” üstüne çykyp durnalaryň gelerine garaşmaga başlady. Niçikmi ol asmandaky durnalaryň kümüşsow düwmäni ýadyňa salýan çagyryjy sesini eşidenden özünden biygtyýar ýerinden zöwwe galyp pyşyrdy bilen şeý diýerdi.

– Durnalar dolanýarlar, olam geler…

Soňam ol tä durnalar gözden ýitinçä olaryň yzyndan serederdi. Şonda meň oglan göwnüme Göwher gelnejemiň garaşmakdan ýaňa halys surnugan göwresi durnalar bilen bile uçup barýan ýaly bolardy. Şol gün ol biraz rahatlanan ýaly bolardy. Soňam ýene ýüregedüşgünç tukat durmuş başlanardy.

Şeýdip biz bahana bolmasa-da, asmana seredip durnalar indiki öwrülip gelýänçä irikgä bolup garaşardyk. Ýene-de alabahar gelerdi. Ýene-de uzak ýoly söken durnalaryň argyn sesi eşidilerdi. Ýene tanyş pyşyrdylary Ýerbendiň gamgyn ýelleri allaowarra alyp giderdi…

***

Men indi her gün Göwher gelnejemiň “Durnalar dolanýarlar” diýýän  pyşyrdysyny eşidýärdim.

Men indi her gün ýetmişi sermeläp barýan ýaşyl başatgyçly gelni görýärdim.

Men indi her gün ertir ýatlanjak düýnüň şaýady bolýardym…

***

Durnalar bolsa şo geçip durdy. Olar obamyzyň depesine gelip, hamala biz bilen hoşlaşýan ýaly aşyrym atyp gök asmanyň ýüzünde keýpihon ganat kakyp ýüzýärdi. Käte-de olar biziň köşek sürýän takyrymyzda üzülen hünji ýaly aklyga öwrülip düşlärdiler. Şonda Göwher gelnejem ýörite olary synlamaga giderdi. Soňam olary ýüzüne sylyp, tä asmana göterilýänçä sabyrlylyk edip garaşardy. Asmana galansoňlaram ol, iň soňky durnanyň sudury ýitýänçä seredip şeý diýerdi.

– Öwekge, olar pessaý uçýalarmy ýa ýokardan?..

Eger men oňa pessaý uçýar diýsem ol çaga ýaly begenerdi. Sebäp durnalar pessaý, ýerleý uçsa olar uzaga gitmän golaýda, Ýerbent ýaýlasynda gonýardy. Belentlikden uçsalar bolsa, gör nirelerde düşlejekdiklerini diňe bir Alla bilýärdi.

Biz şeýle günleriň şaýady bolup ýörkäk, obamyza bir daşary ýurtly gelli. Ol gözleri äýnekli jylk sary adamdy. Oňa pereň ilinden diýdiler. Göwher gelnejemem indi mazaly gartaşypdy. Rehimsiz wagt onuň bilinem büküp ýetişipdi. Ýöne onda-da ol, ýaşyl başatgjyny başyndan aýranokdy. Ýöne indi oň göwresi garransoň kiçelen ýaly bolupdy. Şonuň üçin bir wagtky guşaklygyny ýapyp duran ýaşyl başatgyç indi oň topugynam görkezenokdy. Şonuň üçin Göwher gelnejem ýörejek bolanda häli-şindi başatgyjynyň syny aýagyna çolaşyp büdreýärdi.

Pereňlä oň ýanyndaky dilmajy aýtdymy ýa oba adamlarynyň biri aýtdymy bilemok, oňa Göwher gelnejem barada aýdypdyrlar. Pereňli öz jübi telefony bilen telim ýola Göwher gelnejemiň suratyny aldy. Soňam şeýle diýdi. Oň sözlerini şo dem dilmajy biziň diline geçirdi.

Pereňliň aýdan sözi şu günki güne çenli meň hakydamdan çykanok. Asla men ol çykaram öýdemok. Sebäp ol türkmen zenanynyň belentligi hakynda aýdypdy.

– Her bir halk, her bir millet biri-biri bilen häsiýeti arkaly tapawutlanýar. Türkmen zenanynyň adamsynyň ýüzüni görmän, niçeme ýyllap toýa niýetlän bürenjegini başyndan aýyrman ýörşi. Ol taryp ederdenem uly zat. Şeýle zenanyň türkmen zenanydygy halkyny öňküsindenem beýgeldýär. Beýle zenan heýkel dikilmegine,   çeper filmleriň gahrymany bolmaga mynasypdyr.

Men şo sözleri eşidip, Ýerbendiň durnalaryň düşleýän ak takyrynda Göwher gelnejemiň doňdurylan heýkelini göz öňüme getirýärdim. Hemem oň çeper filmlerde görkeziljek keşbiniň uly dünýä ýaýrajakdygyna begenýärdim.

Soň men ýazuw-pozuwlara gyzygyp, şähere gitdim. Şo-da meň uly ýalňyşlygym boldy. Ürgün çägelere basyp öwrenen dabanym, gaty ýere basan mahaly, men özümiň ýalňyşandygymy, onda-da gaty ýalňyşandygymy bildim. Ýöne eýýäm giçdi. Eger men ýaşlyk etmän obamda galan bolsam, ömrümem şol eziz adamlara garylyp giderdi. Hemem bütin ömrüme süýji ýatlama bolup galardy…

***

Ýyllaryň beýnime guýan zatlary, geçirlen bimany ömür, ýene meni obama alyp bardy. Obamyň şo öňki-öňküligi, üýtgän zat ýok. Göwher gelnejemiň tamkepbesi täze saman suwag bilen suwalypdyr. Kimdir biri tamdyra ot goýberýän borly. Burnuma ajy ýowşanyň ysy haplap urdy. Men Göwher gelnejemi – ýaşyl başatgyjy görjek bolup näçe boýnumy uzatsamam görüp bilmedim. Ýöne oň gapysy açykdy. Gapynyň agzynda-da, bir topar jüýjesini yzyna tirkäp – olar dokuz sany – ene towuk kürküldäp ýör. Şol pursadam ýerden çykan ýaly, aýal adamyň sesi eşidildi.

– Siz Göwher gelni gözleýäňizmi? Ol bu günler, alabahar – durnalaryň geçýän wagty bolansoň, Enebeýige tarap gidendir. Öýüne giçligräk geler. Garaşaýyň…

Göwher gelnejem Enebeýige ýetip barýan eken. Onuň bili öňküsindenem bükülipdir. Başynda-da, ýaşyl başatgyjy. Ýöne ol Güne solaňkyrlapdyr. Başatgyç egrelen, şonuň ýalam kiçelen göwräni basansoň ol oňa ýöremäge päsgel berýärdi. Bu görnüş ökde suratkeşiuň çeken, ýöne Güne birneme solaňkyrlan suratyna meňzeýärdi.

Men özümi bilmezden oňa tarap ýönelemde, selin tümmekleriniň aňyrsyndan iki sany gara kelle göründi. Olaryň ekabyrjasy ýüzüme oglan bilesigelijiligi bilen seretdi.

– Daýy, siz ýazýanlardanmy?..

Oň bu sowaly maňa oglantak ýyllarymy ýene bir ýola ýatlatdy. Sebäp, obamyza şäherden kän adam gelmezdi. Bardy-geldi geläýse-de, olar ýa gazetdendi ýa-da radiodandy. Özlerem äýneklidi. Şonuň ýaly depe saçlary birneme gidendi.  Meňem saçym düşüberipdi.

Men sesimi çykarmadym. Ekabyrja oglan ýene durup bilmedi.

– Ýazýanlardan bolsaň, obamyzda toý gününden bäri başyndan bürenjegini aýyrman ýören bir aýal bar. Biz oňa garryja-da bolsa “Göwher gelin” diýýäs. Şo hakynda ýazaý diýjekdim…

Men ýene sesimi çykarmadym. Bi gezek oň ýanyndaky mönje oglan gepe goşuldy.

– Ol how, ýazýanlardan däl. Ýazýanlar seni tanamasalaram ýüzüňe seredip ýylgyrýarlar. Bi bolsa, ömründe guma aýak basyp görmedik ýaly mölterip dur. Ýa-da ol beýleki ýazýanlar ýaly ilemeňzeş ýazyp bilýän däldir…

Men hemişeki ylgap çykýan Enebeýigime dyrmyşyp diýen ýaly zordan çykdym. Göwher gelnejem künnük ýaljak bolup otyrdy. Ol meni görüp gözlerinde ýaşyny pýaratdy. Men ondan geň görmedim. Sebäp bi segsen ýyllap umytly garaşylan gözleriň ýaşydy. Ol ýigrimi ýaşynda aglamandy. Otuzynda, kyrkynda, ellisinde, hatda ýetmişinde-de aglamandy. Onuň aglanyny görüp meniňem gözlerim çygjardy. Asla adam ýüregine düşünilýän ýerde aglaman saklanyp bilmeýän eken.

Symgylt ýyldyzlaryň şöhlesi düşýän şol gijede Göwher gelnejem uzakly gije aglasy. Aglamak aýybam bolsa men onuň häzir aglamagyny isleýärdim. Sebäp azajygam bolsa gözýaşlar adamyň ýüküni egisýär diýýäler.

Öwezmyrat ÝERBENDI.

                                                                            

Ýene-de okaň

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)