JEMGYÝET

Gyzykly maglumat: Aşgabada ilkinji demir ýol haçan geldi?

Taryhy maglumatlara görä, 1885-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Zakaspiý harby demir ýoly bilen Aşgabada (şol wagtky Ashabad) ilkinji otly gelýär. Demir ýoluň gelmegi bilen, Aşgabadyň ilat sany hem köpelip başlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada maglumat berildi.

Taryhy resminamalara salgylansak, Zakaspiý harby demir ýolunyň gurluşygy general-leýtenant Mihail Nikolaýewiç Annenkowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýar. Gurluşyk 1880-nji ýylyň noýabr aýynda başlanýar. Hazaryň kenaryndaky Mihaýlow aýlagyndan başlanýan demir ýol 217 wýorsta uzap, (1 wýorst = 1,6 km), 1881-nji ýylyň sentýabr aýynda Gyzylarbada (häzirki Serdar ş.) ýetirilipdir. Uzynlygy 325 wýorst bolan demir ýoluň Gyzylarbat — Kaka böleginiň gurluşygy tamamlanyp, onuň Aşgabat — Kaka bölegi 1886-njy ýylyň 7-nji fewralynda işe girizilýär. 1886-njy ýylyň iýul aýynda demir ýol eýýäm Mary şäherine ýetirilipdir. Şol ýyl bu ýol Hazar kenaryndaky Mihaýlow aýlagyndan täze gurlan Uzynada portuna çenli (25 wýorst) ýetirildi. Zakaspiý demir ýolunyň iň kyn we çylşyrymly bölegi Garagum çölüniň içinden, suwsuz ýerlerden geçýän, Marydan Çärjewe (häzirki Türkmenabat ş.) 150 wýorstdan ybarat böleginiň gurluşygy boldy. 1886-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Çärjew demir ýol bekedi ilkinji demir ýol ulagyny garşylaýar.

Demir ýoly dowam etdirmek üçin 1888-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Amyderýanyň üstünden wagtlaýyn agaç köpri gurlup, işe girizilýär. 1901-nji ýylda Amyderýanyň üstünden agaç köprä derek demir köpri gurulýar. 1888-nji ýylyň 15-nji maýynda demir ýol Uzynadadan Samarkanda çenli ýetirilýär. 1898-nji ýylda Mary bekedinden Ýolötendir Pendi düzlüginiň üsti bilen Guşga (häzirki Serhetabat ş.) çenli demir ýoluň 295 wýorstluk Murgap şahasy çekilýär. Soňra muňa Guşgy demir ýoly ady berlipdir. Şol döwürde-de Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegi we Uzynada portunyň hatardan çykmagy netijesinde, Zakaspiý demir ýolunyň başlanýan ýeri çuň suwly Gyzylsuw aýlagyna geçirilýär. Şundan soň basym, has dogrusy, 1899-njy ýylda, Krasnowodskiden (häzirki Türkmenbaşy ş.) gaýdýan Zakaspiý demir ýoly Daşkent bilen birikýär. Zakaspiý demir ýolunyň bütin dowamynda demir ýol beketleri, depolar, ussahanalar guruldy. Diňe Türkmenistanyň çäklerinde 50-den gowrak demir ýol bekedi, demir ýol ussahanalary, duralgalar, Gyzylarbatda wagon abatlaýjy zawod, Aşgabatda, Maryda we Çärjewde parowozlary abatlaýan ussahanalar guruldy, telegraf simleri çekildi. Şeýlelikde, Zakaspiý demir ýolunyň umumy uzynlygy 1343 wýorsta deň bolup, onuň gurluşygyna 32 342 908 rubl 91 köpük harç edildi. Zakaspiý demir ýolunyň işe girizilmegi bilen haryt-pul dolanyşygy has hem artdy we demir ýoldan gelýän umumy girdeji 1889-njy ýylda 2 579 000 rubl, 1890-njy ýylda 3 242 000 rubl we 1891-nji ýylda 3 681 000 rubl boldy.

 

Saud Arabystany syýahat çäklendirmesini ýatyrýar

 

 

Ýene-de okaň

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler