DÜNÝÄ

Gwatemalanyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Haýro Dawid Estrada Barriosdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallygyny bildirip, Gwatemala Respublikasynyň Prezidenti Alehandro Jiammatteiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk we ägirt uly özgertmeler ýolunda täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň çäklerinde diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Geljegi uly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Gwatemalanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň, abraýly düzümleriň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy.

Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi. Munuň özi syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat, ilçi hökmünde umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy