BIZNES

«Guwlyduz» kombinatynda duzlaryň dürli görnüşleri öndüriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan ýerli çig maly netijeli peýdalanmak, «Guwlyduz» kombinatynyň önümçiligini giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Soňra wise-premýer hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi ýaly, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän hem-de bäsdeşlige ukyply duzlaryň dürli görnüşlerini çykarmak boýunça döwrebap önümçilikleri ýola goýmak, geljekde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda ýerli çig maldan halkara talaplara laýyk gelýän, lukmançylyk duzuny öndürmekde zerur bolan çig mallary öndürmek üçin ony ekologik taýdan arassa, ýokary hilli duz bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ekologik taýdan arassa ýokary hilli duzlaryň dürli görnüşlerini öndürmek üçin döwrebap önümçilikleri ýola goýmagy dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynyň çäginde ýokary hilli duzlary öndürýän täze önümhanany gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy