BILIM

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi: Talyp:2021

2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Býujet esasynda: 1. Bejeriş işi. 2. Şepagatçylyk işi. 3. Saglygy goraýyş-öňüni alyş işi.
  2. II. Tölegli esasda: 1. Bejeriş işi. 2. Şepagatçylyk işi. 3. Akuşerlik işi. 4. Farmasiýa. Lukmançylyk mekdebine Daşoguz welaýatynda hemişelik ýaşaýan, Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35- den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary Daşoguz şäherinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — şahsy pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde (Daşoguz ş.) 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 28-29-y, 31-i — awgust aýynyň 1-i we 3-4-i günlerinde geçirilýär. Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomiki edarasynyň işi bilen tanyşdyrylar. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy: Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17, tel.: 2-21-64, 2-21-18.

 

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ internet saýty ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalarynyň kabul edişlik tertibini saýtymyzyň “Talyp-2021” sahypasyna gelip, ýokary okuw jaýlaryna degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen tapyp, gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan we gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habarymyzy IMO we beýleki hasaplarda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Okap bilersiňiz  Türkmenistana täze ýolagçy gämisi getirildi

Size “habar” geler ýaly, biziň IMO hasabymyzy (+99365802470) yzarlaň, Instagram hasabymyza (@atavatanturkmen ň ýazylyň we Google Plaý Marketden şu ýere basyp ýa-da “Atavatan Türkmenistan” ýazyp mobil goşundymyzy mugt ýükläp alyň!

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Somaliniň bilim ulgamynyň onlaýn duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda STEM biliminiň ösdürilmegine üns berler

Ata Watan Eserleri

“Türkiýe talyp haky-2025” maksatnamasy başlaýar

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi