ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Geçen ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda «Atawatan Türkmenistan» žurnalynyň «Ýakymly ýatlamalar» sahypasynda ýazyjy Rahym Esenow hakynda ýazan makalam çap boldy. Şondan iki hepde geçensoň bir üýşmeleňe bardym. Okyjylarymyň biri makalamy okandygyny aýtdy hemem ol: «Rahym aga hakynda şahyr Gurbannazar Ezizowyň giýewsem kän zatlar gürrüň berip bilerdi. Rahym aga oňa Ezizowyň atasy Hümmet ussanyň ýasan türkmen pyçagyny sowgat beripdir. Belki onuň şo barada gowy ýatlamalary bardyr» diýdi. Şahyryň dört gyzy bar, Ezizowyň haýsy giýewsi?— diýip soradym.

— Bileňokmy, bir giýewsi artist. Ol kinorežissýor Öwülýaguly Kulyýewiň ogly Ýusup Kulyýew.  Onuň maşgalasy şahyryň üçünji gyzy Sähragül — diýip gürrüň berdi. Aýat ýeri bolansoň, içgin gürrüň edip bilmedim. Öz ýanymdan: «Öň eşiden bolsam bu gürrüňleri anyklap makalama goşardym, eşitmändirin» diýip gynandym.

2025-nji ýylda şahyryň doglan gününiň 85 ýyllygy hem ady dakylan ýalňyz oglunyňam doglan gününiň 50 ýaş ýubileý senesi. Şol sebäpli makala ýazmagy ýüregime düwüp Gurbannazar şahyr bilen bagly täsiniräk gürrüňleriň gözlegindedim. Birden şol eşiden gürrüňim hakydama geldi. Onsoň salgysyny tapyp Ýusup Kulyýewiň iş ýerine gitdim. Esasy maksadym Gurbannazar Ezizow bilen bagly ýatlamalaryny öz agzyndan eşitmekdi.

Öň ony tanamamsoň haýsy artistkä, diýip pikir edip bardym. Ýöne ýüzbe-ýüz gabat geldi welin, içimden: «wiý, bu şol artist eken-ä» diýdim. Salam berip gapydan girenimden onuň dürli ýyllarda surata düşen filmleri ýadyma düşdi. Sebäbi ol çagalar üçinem, ulular üçinem surata düşürilen irki filmlerde ençeme keşpleri döretdi,  ýöne onuň aýratyn bir has şowly çykan keşbi bar. Sahyp Jemalyň «Kör gyzyň täleýi» atly eseri boýunça surata düşürilen «Gara bägüller» telefilmi bada-bat göz öňüme geldi. Şol filmde ol baş gahryman owgan ýigidi Nediriň rolunda oýnaýar. Haçanky surata düşürilen film? Ondan bäri kän ýyl geçendir, ýöne Ýusubyň ýaşy ulalyşan bolsa-da, ýüz keşbi kän bir üýtgemändir.

Filmde  milli aýdym-saz sungatymyzda öz ýoluny goýan Türkmenistanyň halk artisti Atabaý Çarygulyýewiň aýdan aýdymlarynyň we «Sabo» ady bilen tanalýan Togrulbeg Artykowyň döreden saz ýazgylary berilýär. Diňleýjiler Atabaý bagşynyň owazyny dessine tanaýarlar. Emma şonda-da bu filmde Nediriň edil özi aýdýan ýaly duýgy bilen edýän täsin sahna hereketleri juda ynandyryjy. Onuň şadyýan aýdymdaky joşgunly şatlygyny tebigat gözellikleri bilen sazlaşdyryp meşhur aýdymçynyň hoş owazyna goşuşy tomaşaçynyň kalbynda täsin duýgy oýarýar. Gamgyn pursadynda:

«Ygtyýarym aldyň ýüregim sende,

Ummanda bir sal men küregim sende…» diýip, zaryn heňde ýaňlanýan aýdymyň owazyna gözi ýaşly hiňlenip oturyşyny göreniňde gahrymanyň içki dünýäsinde tutaşan söýgi oduna ynanmazlyk mümkin däl. Şeýle owadan keşpdäki dogumly, söýgüsi üçin göreşip ýören ugurtapyjy ýigidi filmde iki gyzyň ýürekden söýmegi bolup biljek ýagdaý. Emma tomaşaçy hökmünde onuň şol keşbini döredişine «ikiden has kän gyzlary söýdürip biler» diýip baha bereniňi duýman galýaň. Sebäbi Nediriň keşbi meniň pikirimçe juda şowly çykan keşpleriň biri. Filmde Nediriň ejesiniň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Ýelizaweta Garaýewa oýnaýar. Ýalňyz perzendiniň bagty üçin ýaşap ýören enäniň oglunyň ýürek sesine diň salmak üçin ikiçäk söhbet edýän pursady bar. Şonda Nedir kör gyz Amala bolan söýgüsini düşündirende: «Eje, eger-de Alla maňa bürgüdiňki ýaly ganat beren bolsa, onda men Amaly ganatymda göterip adam aýagy sekmejek ýerlere alyp giderdim» diýýär. Onuň şol sözlerini diňläniňde sesinden ýüregindäki söýgi mukamyny eşidip bolýar. Ol sözler diňe bir Nediriň ejesini däl, tomaşaçy ejelerem perzendiniň söýgi meselesi hakynda oýlandyrýar. Men ol filmi telim gezek gördüm. Özem şol filmde türkmeniň meşhur artistleriniň köpüsi surata düşüpdir. Tanymal artistler bilen deň-derejede baş keşbi ynandyryjylyk bilen tomaşaça ýetiren ýaş artistiň ussatlygy haýran galdyrýar. Eger-de şol meşhur artistleriň deregine tanalmaýan artistler bilen surata düşen bolsa, onda Ýusup Kulyýewe türkmen artistidirem öýtmezdim. Ol bu filmdäki sahna keşbinde «hakyky owgan ýigidi» diýdirýär. Belki ol, filmiň režissýorynyň yhlasly siňdiren zähmeti bilen şowly bolan bolmagam mümkin. Sebäbi filmiň režissýory Öwülýaguly Kulyýew zehinli režissýorlaň biri. Onuň ussatlygyna diňe «Keç pelek» filminiň mysalynda-da göz ýetirip bolýar. Ýusup şeýle sungat maşgalasynda önüp ösen artist. Onuň agasy Ahmedem birnäçe filmlerde keşp döretdi, ýöne ilkinji nobatda ol «Keç pelek» filminiň ýaşajyk gahrymany Begliniň keşbi bilen tanalýan artist.

Ýusubyň iş otagynyň diwarlaryndaky dürli döwürde surata düşürilen filmlerden suratlar bada-bat ünsümi çekdi. Şeýle-de bolsa oňa ilki bilen esasy gyzyklanyp baran sowalym bilen ýüzlendim. Ol:

— Rahym Esenow öte sowatly, taryhy juda gowy bilýän ýazyjydy, ýöne gaty agras, ýapyk ýaşuludy. Eserleriniň köpüsini okamsoň, onuň bilen ýakyndan tanyş bolmagy arzuw edýärdim, emma kimdir biri tanyşdyrmasa gönüläp ýanyna barmaga çekinýärdim. Onsoň garran wagtlary onuň içgin gatnaşýan tanyşlarynyň üsti bilen tanyşdyk. Soň ýakyn gatnaşykda bolduk. Keselhana düşse yzyndan gatnardym ýa-da käte hassahana özüm ýerleşdirýärdim. Lukmanlar ony ýazyjy hökmünde-de, uruş weterany hökmünde-de sylaýardylar. Ýygy-ýygydan hal-ýagdaýyny sorap, habar tutup duramsoň olaryň käbiri: «Rahym aga, ogluňyzmy bu?» diýip soraýardylar. Biz şeýdip giçden soň bir-birimiz bilen öwrenişdik.

Bir gün suratkeşleň ussahanasyna bardym. Ussahanada eýesi arassaçylyk işlerini geçip ýören eken. Birden bir surata gözüm düşdi. Eý, bu Rahym aganyň suraty-la? — diýip ussanyň ýüzüne seretdim. Ol: — Wah, hiç kime görkezmän ýördüm, üstünden geläýdiň-dä… Entek başgalara bir aýtmaweri. Bu ýadygärligi: «Birden bakyýete göç etsem, başujumda goýar ýaly» diýip, Rahym aganyň özi öňünden nyrhyny töläp ýasatdyrdy — diýdi.

Gara daşyň ýüzüne çekilen suratyň aşagynda doglan senesi goýlup, ýogalan wagtynyň ýeri boş goýlan mazar daşyna gözüm düşenden endamym tikenekläp gitdi. Dirikä beýdip öz mazar daşyny ýasadany görmämsoň, gaty gynandym. Onsoň öýüne gelip, Rahym aga beýtmeli däl ekeniň-dä — diýdim. Ol: «Iki ogluma öldi. Öz aladamy özüm etmesem indi men kime gerek? Ýagdaýymam görüp dursuň, ýöne senden etjek haýyşym bar. Kyn görmeseň maňa bir Gurhan getirip ber. Onsoňam ogullarymyň guburyna aýlap gelseň» diýdi. Kynlygy bolmaz Rahym aga, haýyşyň bolsa arkaýyn aýdyber — diýip, ilki bilen Gurhan eltip berdim. Soňra-da ulagym bilen Köşiň öwülýasyna äkitdim. Gapdalyndan söýget bermeseň görgüli ýöremäge-de ýaranokdy. Gaty kän aýlanyp gözledik, emma ogullarynyň guburyny tapyp bilmedik. Onsoň öwülýäniň bir çetinde oturyp bilenimizden aýat-töwir edip gaýtdyk. Ýolda ol: «Ýusup jan, birden kazam dolup dünýeden gaýdaýsam meni türkmençilik däp-düzgünleri bilen ugradaweriň. Özüň göz gulak bolup hemme edilmeli dessurlary berjaý etgin. Ýadygärligimede goýulmaly senesini ýazdyrgyn» diýip tabşyrdy.

Öýe gelemizsoň ol: — Me, şuny al! — diýip zergäriň sünnäläp ýasan türkmen pyçagyny uzatdy. Ýok-ýok, Rahym aga, edýäniň näme? Hiç zat gerek däl. Jöwher pyçak eken, başujuňda goýarsyň — diýip ör-gökden geldim. Ol: — Dur, entek. Yzyny diňle. 1975-nji ýylda ýurdumyzda Bütinsoýuz ýaş ýazyjylar festiwaly geçirildi. Şoňa Moskwadan myhmanlar geldi. Men şo mahallar Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygydym. Moskwadan gelen myhmanlaň arasynda Wasiliý Şabanowam bardy. Ol: «Meni bazara aýlasaňyz, türkmen zergärleriniň ýasan pyçagyny alasym gelýär» diýdi. Onsoň men Ýuruý Rýabinin bilen Gurbannazar Ezizow iş otagyma geldi welin, olara: «myhmany bazara aýlap geläýseňiz»  diýip, onuň bu aýdan gürrüňini aýtdym. Gurbannazar neresse ýüregi arassa ýigitdi. «Bazara gidip näme etjek. Öýümizde atam Hümmet ussanyň ýasan pyçaklary bar. Şolardan iň gowusyny dostlugyň nyşany hökmünde sowgat beräýeli» diýip alyp geldi. Soňam olaryň üçüsem Balkan welaýatyna iş sapara gitdiler. Ýolda-da üçüsiniňem nähili ýagdaýda heläk bolandygyny bilýänsiňiz. Şeýlelik bilen gowşurylman galan şol sowgatlyk pyçak şondan bäri öýümde dur. Bu meniň üçin amanat. Ölmänkäm şuny sen  menden hökman al — diýip berdi. Dört-bäş ýyl bäri öýümde dur — diýip gürrüň berdi.

Onuň her bir aýdýan gürrüňi sagdyn hem juda täsirli. Özem taryhy gowy bilýär. Meşhur sungat wekilleriniň köpüsi bilen kinoda surata düşendigini bilemsoň, käbir ýatlamalaryny soradym. Diwardaky suratlary synlap durşuma bu «Altynyň öwüşgini» filmden surat eken. Arada «Nebit-gaz» gazeti üçin makala ýazmakçy bolup şol filmiň ýazgysyny göçürip aldym. Irki kino bolansoň wideo ýazgysynyň hili pes eken. Köp ýeri bozulypdyr. Şol film bilen bagly nämeler aýdyp biljek — diýip sowal berdim.

— «Altynyň öwüşgini» Türkmenistanyň halk artisti Halmämmet Kakabaýewiň ilkinji surata düşüren uly filmi. 1930-njy ýyllaryň türkmen nebitçileriniň durmuşyndan gürrüň berýän şol film 1974-nji ýylda surata düşürildi. Filmde baş gahrymanlaň biriniň keşbinde Türkmenistanyň halk artisti Ata Döwletow, menem onuň agtygynyň keşbinde surata düşdüm. Ilkinji döreden keşbim. Kino düşmek hezildir öýdýärdim. Iki-üç aýlap Goturdepede, Nebitdagda tozap ýatan çölde nebitçileriň iş pursatlaryna golaý ýerdäki umumyýaşaýyş jaýynda ýaşadyk. Ýedi ýaşymdadym. Filme surata düşemde ilkinji gezek Kaspi deňzini gördüm. Halypalar Öwez Gelenow, Oraz Amangeldiýew, Aman Öde, Sapar Öde başga-da Moskwadan gelen artistlerem bar. Gaýgysyz Atabaýewiň rolunda halypa Baba Annanow oýnady. Türkmenistanyň halk artisti Osman Saparow filmiň operatory boldy. Umuman, döredijilik toparda 40-50 adam bardy. Atam diýip Ata Döwletowyň gije gündiz ýanynda bolýardym. Beýleki halypalaram: «balam-guzym» diýip meni ünsden düşürenokdylar. Şonda-da ejemi-kakamy göresim gelip olardan gaýta-gaýta haçan öýümize gaýdýas, diýip soraýardym. Olaram: «Entek ataňy öldürsinler, onsoň gaýdarsyň öýüňize» diýýärdiler. Çaga bolamsoň düşünemok. Ata aga ata seni haçan öldürýärler? Öýümize gaýdasym gelýä diýýänim ýadyma düşýä. Ata aga-da: «Azajyk gaýrat et, oglum. Öldürerler. Onsoň öýe gaýdarys» diýerdi. Filmde Ata aganyň döreden gahrymany öldürilýän eken. Indi käte çagalygymyň şol ýatlamasy ýadyma düşüp öz-özüm ýylgyrýan. Film şowly çykdy. Soň meni beýleki kino režissýorlaram filmlerinde surata düşürdiler. Başga-da birnäçe filmlerde Ata aganyň agtygynyň keşbinde surata düşdüm. Umumy 25-e golaý filmde keşp döretdim — diýenden, ýazyjy Agageldi Allanazarowyň eseri esasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedowyň surata düşüren «Ýaşlygymyň dessany» atly filmi ýadyma düşdi. Bu filmde-de ol baş gahryman Maksat Baýramowyň ýaşlyk keşbini döretdi. Onuň Aýnabat atly gelne aşyk bolşy, arzuwlarynyň owadan pursatlaryny düýşünde görşi göz öňüme geldi. Maksadyň Aýnabada bolan söýgüsini garaýşyndan, gözlerinden görüp bolýar. Birdenem garaşylmadyk ýagdaýda çölüň içinde ikiçäk galmaly bolýarlar. Şonda onuň özüne erk edip bilmän,  pyglyny  üýtgetmegi tomaşaçyda birbada ýigrenç döredýär. Ýöne filmiň soňunda onuň hakykatdanam Aýnabady söýendigine göz ýetirýäň. Ömrüniň ahyryna çenli Aýnabadyň ruhy bilen gürleşip, däli ýaly bolup ýörşi gaty gynandyrýar. Gepiň gysgasy Ýusubyň bu filmdäki keşbem ýerine düşüpdir. Onsoň şol film baradaky ýatlamalaryny gürrüň bermegini haýyş etdim.  Ol:

— Filmdäki baş gahryman Maksadyň garrylyk keşbi Baba Annanowyň iň soňky döreden roludy. Film Garrygalada surata düşürildi. Baba kakamyň gijelerine birden gyzgyny galýardy. Öýkeni «rak» keseli bolansoň, dermen içip maňa-da: «Ýus, arkamy owkalap bersene» diýerdi. Bar güýjüm bilen owkalaýan, onda-da: «Arkama çykyp, aýagyň bilen gatyrak depele» diýerdi. Depeläp-depeläp, soňra-da üstüne içmek ýapyp bal bilen çaý berýärdim. Derläp biraz gowulaşdygy ýene sýomka giderdi. Özem: «Bu ýagdaýymy režissýora aýdaýmagyn» diýip tabşyrýardy. Aýdamokdym, ýöne barybir onuň saglygynyň öwerlik däldigini Bilbil aga aňýan eken. Şonda-da olam hiç zat duýmadyk bolup syr bildirenokdy. Sebäbi oňa-da Baba kakam: «Men şu filmi çaltyrak gutaraýyn-la» diýipdir.

Soň onuň ýagdaýy has agyrlaşdy. Filmiň köp ýerinde Baba kakama derek Oraz Amangeldiýewiň aňyrsyny bakyp, käbir ýerlerinde uzakdan surata düşürilen ýerleri bar. Baba kakam öýünde ýatyrka soramaga bardym. Saglygyna seretdirmek üçin Moskwa gitmeli boldy. Şonda menden: «Filmiň näçeräk ýerini aldyňyz? Gutarýaňyzmy?» diýip sorady. Ol wagtlar kino surata düşürilende plýonka alynýardy. — Nähili çykdy, gowy çykdymy? Meň düşen ýerlem nähili? — diýip soraýar. Indi pikir edip görýän welin, şo wagtky sungat işgärleriniň ählisem işine berlen adamlar. «Maňa şu keşbim üçin näçe töleýärler?» diýip gyzyklanmazdylar. Olaryň bar pikiri eserleriniň şowly çykmagydy. Baba Annanow şo mahallar özem «Zöhre-Tahyr» filmini surata düşürip taýýar edip tabşyrmaga goýupdy. Görgüli özüniň ýagdaýyny bilensoň hemem iň soňky oýnaýan roly bolansoň «Ýaşlygymyň dessany» filminiň doly surata düşürilip gutarylmagyna şeýlebir howlukdy» diýip ýatlady.

Birki hepdelikde «Miras» teleýaýlymynda halypa kinorežissýor Ilmyrat Bekmiýewiň surata düşüren iki bölümli «Jadyly hünji hakynda erteki» atly filminden bölek görkezildi. Şo filmde-de baş gahryman Myradyň keşbinde surata düşüpsiňiz?

—Türkmen halk ertekisi esasynda döredilen bu film bilenem bagly käbir pursatlar ýadymda. Film Sekiz ýapda surata düşürilýärdi. Ýabyň boýundaky bagçylykda bolýardyk. 1987-nji ýylyň 3-nji awgustynda ýary gije güýçli sil gelipdir. Men bolsa süýji ukuda ýatyp hiç zat bilemok. Filmde bile surata düşen aktrisamyz Tylla Geldiýewa  gelip gaty sesi bilen gygyryp oýarmadyk bolsa, men siliň badyna akyp gitjek ekenim.

Ilmyrat aganyň çagalar üçin surata düşüren «Sähediň tomusy» atly filminde-de Gylyç atly oglanyň rolunda surata düşdüm. On ýaşlarymdadym. Şol keşp surata düşen ikinji rolumdy, ýöne körçege bolup filmiň soňuna çenli gatnaşyp bilmedim. Soňam şu hili ýene bir ýagdaý boldy. Halmämmet Kakabaýewiň «Laçyn» atly filminde Ata Döwletowyň oýnaýan gahrymanynyň agtygynyň rolunda surata düşdüm. Ol 1918-nji ýyllarda türkmeniň ahal-teke atlarynyň ykbaly beýan edilýän film. Şol filmde «Aýgytly ädim» filminde surata düşen esasy artistleriň köpüsi surata düşdi. Bu filmdäki keşbim meniň üçünji,  Kerim Annanowyň ikinji roludy. Häzirki birinji maý diýilýän ýerdäki atçylyk toplumda surata düşürildi. Filmde aty ogurladyp iki oglan bolup ýesir düşýän kartinamyz bar. Şonda sorag edenlerinde gürlemämizsoň meni hem Aly atly azerbaýjan oglan ikimizi çukura salyp bokurdagymyza çenli atyň dersi bilen gömýärler. Filmi surata düşürmegiňem öz syry bar. Biz Aly bilen çukuryň içinde oturgyçda otyrys, kösenemizok, ýöne kamera golaýlanda barybir atyň dersi bilen gömülýäs. Üst-başymyz öl-myžžyk boldy. Soň surata düşüp bolamyzsoň, athananyň golaýyndaky sowuk suwly skwažinada suwa düşdük. Şonda öýkenim iki taraplaýyn sowuklap ýedi aýlap hassahanada, soňra-da iki aýlap orsýediň sanatoriýasynda boldum. Ejem görgüli: «Indi kino surata düşmersiň. Aman-sag ölmän galdyň, oglum» diýip kän wagtlap goýbermedi. Emma kiçiligimizden öýümize sungat adamlarynyň kän gelmegi, olaryň kino hakyndaky gürrüňleri, galyberse-de Baba Annanow kakamyň doganoglanydy. Ol öýümize ýygy-ýygydan gelerdi. Baba kakam: «Ýus, men saňa at çapmagy öwretjek» diýerdi. Onuň bilen birnäçe filmlerde surata düşdük. 1979-njy ýylda «Laçyn» filmi Bütinsoýuz kinofestiwalda birinji baş baýraga mynasyp boldy. Moskwanyň dünýä belli artistleri geldi.Ynha, şunuň ýaly pursatlar meni sungatdan daşlaşdyrmady.

Häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde žurnalistika hünärinden bilim aldym. Talyp döwrümde-de okuwymdan rugsatly boşadylyp birnäçe filmlerde surata düşdüm. 1982-nji ýylda rus ýazyjysy Koziniň «Dikaýak» powesti esasynda Muhammet Söýünhanowyň surata düşüren «Söýginiň gussaly hekaýaty» filminde halypa Öwez Gelenow bilen iki doganyň rolunda surata düşdük. 1930-njy ýyllaryň wakasy gürrüň berilýän film. Baýyň «Dikaýak» atly aty bar. Bizem iki dogan bolup baýyň hyzmatkäri. Baýyň dört aýaly bar. Uly aýalynyň rolunda Türkmenistanyň halk artisti Oguljeren Işangulyýewa oýnady. Şonuň Balsaýat atly gyzyna aşyk bolup alyp gaçýan. Bu filmde başga-da tanymal artistlerimiz Hommat Müllük, Artyk Jallyýew, Oraz Çerkezow, Mergen Nyýazow, Aman Ödäýew, Wepa Myradow, Annamyrat Berdiýew dagy surata düşdüler. Belki, şol filmi görensiňizem? Soň 1984-nji ýylda Saparmuhammet Jallyýew Owganystanyň dartgynly wakasyndan gürrüň berýän «Ertirem geler» atly  filmi surata düşürdi. Film Täjigistanda surata düşürildi. Filmde täjik artistleriniňem köpüsi oýnady. Men owgan ýigidiniň rolunda surata düşdüm. 1985-nji ýylda-da ýazyjy Belowyň eseri esasynda iki bölümli «Gizlin ilçi» filmi surata düşürildi. Bu filmde-de baş gahryman Hojanepesiň inisi Oraznepesiň rolunda oýnadym. Filmi «Lenfilm» bilen «Türkmen film» bilelikde surata düşürdi. Filme gatnaşan artistleň köpüsi rus artistleri. Şol ýylda Baba Annanowam häzirki zaman nebit maşyn gurluşyk zawodynyň işi bilen bagly «Çözmäge hukuk» atly film surata düşürdi hem özi şol filmde baş gahryman  zawodyň ýolbaşçysynyň rolunda oýnady. Iki bölümli film. Uly halypalar gatnaşdy. Men direktoryň oglunyň rolunda surata düşdüm. Aýtjak bolýan zadym bir bada üç filmde, özem her haýsy bir ýerde surata düşürilýärdi. Kä wagt filmde ikinji režissýor hökmanmy? diýilýär. Hökman gerek. Sebäbi ol gurnaýjy. Artistleriň teatrda işleýäni bar, başga ýerde işleýäni bar, olaryň wagtyny sazlap düzmeli. Halypalaň juda işjanlylygy. Hommat Müllük neresse baş rolda çykyş edýärdi. Biz dynç alýan wagtymyz, ol ir bilen teatrda sahna çykyşlarynda türgenleşik geçip, soň kino surata düşmäge gelýärdi. Ol maňa kän zatlar öwretdi. «Kamerany duý» diýerdi. Özi filme surata düşende durjak ýerini mel bilen çyzýardy.

1985-1986-njy ýyllarda bir bada üç filmde surata düşdüm. Orazberdi Ärekowyň talyplaryň durmuşyndan söhbet açýan «Geldi geçer bolasym gelenok» atly filminde kakabaş ýigidiň rolunda surata düşdüm. Film Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinde surata düşürildi. Muhammet Söýünhanowyň uruş döwrüniň wakasy beýan edilýän «Seniň doganyň, meniň doganym» atly filminde, baş rol parawozyň sürüjisiniň keşbinde Hommat Müllük, menem  onuň kömekçisiniň rolunda surata düşdüm. Film Gyzylarbatda surata düşürildi. Üçünjem Kerim Annanowyň gazak ýazyjysy Abiş Kekilbaýewiň «Unudylan ýyllaryň balladasy» eseri esasynda surata düşüren filminde surata düşdüm. Bu filmde Baba Annanow hanyň roluny, menem oglunyň roluny oýnadym. Ogly sazanda bolasy gelýär emma, kakasy onuň esger bolmagyny isleýär. Oglundan söweşiji taýýarlasy gelýär. Şeýdibem ogluny söweşe ugradýar, ýöne ogly söweşde ýesir düşýä. Filmiň netijesinde her kim näme etse, eden zadyň özüňe gaýdyp gelýändigi görkezilýär.

Bir zady aýdasym gelýär, hemişe kitaplarym ýanymdady. Sapaklaryma ýetişýärdim. Sebäbi halypalaryň zähmetsöýerlik göreldesi maňa uly mekdep boldy. «Türkmenfilmde» işlän wagtlarymda surata düşürilen birnäçe dokumental filmlere gatnaşdym. Soň eýranly dostum Kyýas Aşyryň öz durmuşy hakynda döreden «Kim meni çagyrýar» atly filminde surata düşdüm, garaz, kino sungaty ykbalymda aýratyn orun tutdy — diýip gürrüň berdi. Oňa ýene sowal berdim: — Režissýor Aşyr Rahmanowyň şahyr Gurbannazar Ezizowyň «Nesiller» poemasy esasynda sahnalaşdyran tele spektaklynda baş gahryman Wepanyň keşbini döretdiňiz. Wepanyň keşbini öýleneňizsoň döretdiňizmi? Ol:

— Ýok — diýip ýylgyrdy. Gyzykly gürrüňdeşlik ýadatmaýar, ýöne her zadyň çaky bar. Onuň aýdýan täsin gürrüňlerine kitap ýazyp boljak. Ömrüni sungata bagyşlan halypalar hakynda kän bilýär. Häzir şol halypalaň köpüsi aýatda ýok. Olar hakynda Ýusup Kulyýewiň belki özi bir zatlar ýazar, belki-de geljekki makalalarymyzda göz öňünde tutarys, diýip pikirimi jemledim. Birdenem öz-özüm: «Makalamy söýgüli şahyrymyz Gurbannazar Ezizow bilen bagly gürrüňden başladym, soňunam kino sungatynyň söhbedine syrykdyrdym. Aslynda şahyr hakynda ýazmakçydym-a» diýen pikir kelläme geldi. Onsoň käbir ýerlerini üýtgedeýin-le — diýip makalamy gaýtadan okap çykdym, ýöne hiç-hili üýtgedesim gelmedi. Diňe şu wakany goşdum.

On bäş ýyl mundan öň şahyryň ejesi Gülnabat eje bilen söhbetdeş bolupdym. Şonda öýlerine bardym. Gapydan girenimden diwardan asylgy duran uly türkmen halysyna gözüm düşdi. Halynyň ýüzünde Gurbannazar neressäniň ýöräp gelýän keşbi bar. Gözleri içiňden geçip gelýär. Ýüregim jigläp gitdi. Edil diri ýaly täsir etdi. Wagty bilen ünsümden çykmady. Gülnabat eje bilen gürrüňdeş bolup otyrkagam gaýta-gaýta hala seredýärdim. Gülnabat eje gaty duýgur eken. Ol: — Bu halynyňam öz gürrüňi bar. Öň howluda ýaşaýardyk. Neşe belasynyň il-günümizi agyr heläklän wagtlarydy. Bir gün maşgalamyz bolup toýa gitdik. Toýdan soň gije öýe gelsek öýdäki ýüzi suwly zatlaň köpüsi ýok. Emma ýekeje balam nowjuwan ýaşda elimden gidende çydam eden ýüregim o zatlar üçin kän bir üýtgäp durmady. Diňe Gurbannazar janyň suraty dokalan portret halynyň ýerinde ýoklugyny göremde welin, dogrusy, erbet täsir etdi. Onda-da öz-özümi köşeşdirdim. Kim alanam bolsa, ynsaby oýanyp gije-girim howla taşlap gider öýdüp garaşdym. Her gün irden namaza turamda çagalardan ogrynça howlynyň içine seredýärdim.

Ynha, şu jaýymyza täzelikde göçüp geldik. Çagalar öňürti jaýyň içini düşekläp, meni soň taýýar bolansoň alyp geldiler. Gapydan girdim welin diwarda şol haly asylgy dur. «Eje geldiňmi?» diýip Gurbannazar jan garşy alan ýaly boldy. Soň anyklasam, çagalar bu halyny gaýtadan dokadan ekenler. Oglum alys ýerden myhmançylykdan gelen ýaly boldy — diýip gürrüň berdi. Soňra-da:

— Gurbannazar jan ýogalanda meniň üçin gündizem dünýäni tümlük gaplady. Bilim egrelen ýaý ýaly büküldi. Diňe yzynda gelniniň bäbege garaşýandygy biraz ýüregimize teselli berýärdi. Neressämiň kyrkyny sowduk. Yz ýany bilen  gelnimiz bäbekhana gitmeli boldy. «Ýaramarsyň» diýip ýany bilen meni äkitmediler. «Aman-sag eli-aýagy gowuşsyn» diýip aladaly otyrdym. Birden şahyr Näzik Annatyýewanyň:

— Buşluk, ogul boldy, ogul! — diýen sesi eşidildi. Gündiziň güni täzeden gün dogana döndi. Dünýä ýagtyldy. Kerim Gurbannepesler bilen goňşy ýaşaýardyk. Aýak ýalaňaçlygyma Kerimiň öýüne ylgadym. «Oglumyz boldy. Adyna näme dakalyň? Gurbannazar janyň adyny dakaýsak nähili bolar?— diýip geňeşdim. Kerim: «Bilýän-ä onuň uzak ýerde ýatmajagyny. Ogluna adyny dakyň. Gurbannazar ýerde ýatmaly ýigit däldir» diýdi — diýip pikire batyp oturdy-da:

— Ilki-ilkiler dagy sallançagyň bagyny çekip, hüwdülemeli bolamda agtygyma nähili hüwdi aýtsamkam, diýip tolgunýardym. Wah, balam, ejesiniň aýtjak hüwdüsinem öňünden ýazyp giden eken-ä — diýip, şahyryň aýdyma öwrülen «Uzak ýaýladaky enäniň hüwdüsi» goşgusyna hiňlenip şeýlebir täsin owazda hüwdi aýtdy, tä öýümize gelýänçäm göz ýaşymy saklap bilmedim. Şol  pursady ýatlap oturyşyma makalamy ýene bir ýola okadym. Barybir hiç ýerini üýtgetmek islemedim. Sebäbi birinjiden-ä türkmeniň beýik şahsyýetleri bilen bagly ýatlamalar. Öten-geçen halypalary tirsegine galdyryp ýatlamak parzymyz. Ikinjidenem döredijiliginiň söhbedi edilýän artistem şahyryň jan ýaly gyzynyň ýanýoldaşy. Agtyklarynyň kakasy. Üstesine-de şahyryň ady dakylan ýekeje oglunyň maşgalasam Ýusubyň aýal doganynyň gyzy. Türkmençilikde dünýeden öten adamyň bakyýetde rahat ýatmagy üçin yzynda galan nesil dowamatynyň sagdyn terbiýeli durmuşynyň bolmagy ündelýär. Tüweleme, şahyryň agzybir, il sylagly döwletli maşgalasy bar. Şonuň üçin diňe, nesil dowamatyň döwletli döwrany dowamly bolsun, şahyrym. Beýik Taňry bakyýetde rahatlygyňy bersin, diýip dileg etdim.

Akgül Saparowa.

 

 

Ýene-de okaň

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri