DÜNÝÄ

Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna saýlandy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna saýlandy. Bu barada guramanyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Berlen maglumata görä, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşine “Türkmenistanyň Ýaşulusy” hökmünde kabul edildi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň sekretariaty Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşine agzalyga saýlanmagyny uly buýsanç bilen kabul edip, Onuň Alyhezretiniň paýhasynyň, tejribesiniň we biliminiň Ýaşulular geňeşiniň mümkinçiliklerini has-da baýlaşdyrjakdygyna we guramanyň görnükliliginiň ýokarlanmagyna möhüm goşant goşjakdygyna pugta ynanýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň hemişelik maslahat beriş organy bolan Ýaşulular Geňeşiniň düzümine kabul edilmeginiň Türkmenistanyň türki dünýäsiniň syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna goşýan goşandyna täze itergi berer, diýlip guramanyň metbugat habarnamasynda bellenilip geçilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanda saparda bolup, Türkmenistan bilen guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşypdy.

2021-nji ýylyň noýabrynda Stambul şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitinde Türkmenistan bu guramanyň synçy agzalygyna saýlanypdy.

 

Türkmenbaşy şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbi tutuldy

Ýene-de okaň

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler

Gyrgyzystan ilkinji gezek milli puluny özbaşdak çap etdi

Türkmenistan-ABŞ:söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlyk boýunça Teswirnama gol çekildi

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di