SPORT

Gurban Berdiýew “Kaýrat” topary bilen şertnamasyny ýatyrdy

Ildeşimiz Gurban Berdiýew Gazagystanyň “Kaýrat” topary bilen şertnamasyny özara ylalaşyk esasynda ýatyrdy. Bu barada gazak toparynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Gurban Berdiýew bilen bir hatarda onuň kömekçileri Iwan Danilýans, Dmitriý Kiriçenko, Andreý Masýur we Eduard Kunduhow hem topardan gitdiler.

Ozal bu toparda ýarym goragçy hömünde 160 duşuşykda çykyş eden Berdiýew soňra 90-njy ýyllaryň başlarynda toparyň tälimçisi bolup, 1992-nji ýylda Gazagystanyň çempiony bolupdy.

2021-nji ýylda Gurban Berdiýew täzeden Almaty şäherine dolanyp geldi. Ilki bilen, geňeşçi boldy, soňra bolsa toparyň tälimçisi boldy.

“Kaýrat” topary Gurban Berdiýewe we onuň kömekçilerine bitiren hyzmatlary üçin özüniň minnetdarlygyny bildirdi.

 

Taryhda şu gün: 6-njy iýun

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi