TEHNOLOGIÝA

Gündogar Afrikanyň ilkinji robotly kafesi açyldy

Gündogar Afrikanyň ilkinji robotly kafesi Keniýanyň paýtagtynda işe girizildi. Naýrobi şäherinde köp sanly restoranlar bolup, “Robot Cafe” jemgyýetçilik iýmit edarasynyň esaslandyryjysy Mohammed Abbas müşderilere hyzmat edýän işgärleri robotlardan ybarat topary düzmek boýunça taslamany durmuşa geçirdi.

Afrikada ilkinji robotly kafe Nigeriýada açyldy, soňra Günorta Sudandan işe girizildi.

Naýrobide açylan restoran hem köp sanly müşderileriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Köpräk çagaly maşgalalar restoranyň hyzmatyndan peýdalanýarlar.

Restoranda 4 sany robot işgär hereket edýär. Şol bir wagtda restoranda adaty işgärleriň hem birbölegi hyzmat edýär.

Şu wagt robotlar diňe sargyt edilen tagamlary müşderileriň oturýan stollaryna äkidip berýär.

Bu restoran üçin niýetlenen robotlar Tailanddan satyn alnypdyr.

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar