JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Gündelik Täleýnama: 12 Maýda Ýyldyzlar näme diýýär?

Mähriban okyjylar! Ýyldyzlaryň adam ykballarynda tutýan orny barada siz megerem bilýän bolsaňyz gerek. Ýyldyzlaryň her günki aýdýan zatlaryny bilmeklik okyjylarymyza peýdaly we gyzykly bolar diýen umyt bilen, size 12-nji maýdaky täleýnamaňyzy ýetirýäris.
Bellemeli zat, Siz islän ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp ol baradaky maglumatlary has giňişleýin okap bilersiňiz!

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Şu gün hamallar her kimden, islän zatlaryny özleri üçin sorap bilerler. Hamallar, entek özüňiz gowy ýagdaýdakaňyz günäkäriň sebäbini gözlemäň. Ýyldyzlar size iň gyzgyn jedellerde hem özüňizi saklamaklygy maslahat berýär. Bolmasa aýdylan zatlar siziň ýüregiňizi agyrdyp biler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün sowurlar durmuşyndaky iň uly sowgady alyp bilerler. Gynanja, göwnüçökgünlige ýol bermäň. Dostlaryňyzy, goňşularyňyzy agşamlyga çagyryň we wagtyňyzy şadyýan geçiriň. Sebäbi bu gün sowurlar hemme zat özüne garşy birleşen ýaly duýguda bolarlar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Eger-de kimdir biri eýýäm birnäçe wagt bäri sizin gapyňyzy kakýan bolsa, sizem öýde ýok diýen bahana bilen açmaýan bolsaňyz, bu gün ekizlere şol gapyny açmaklyk maslahat berilýär. Çünki gapyňyzdan diýseň mähriban we päk ýürekli adam girmekligi gaty ahmaldyr. Bu gün ekizler özlerini köşeşdirmegi başarmalydyrlar. Zyýanly endikler saglygyňyza täsirini ýetirer.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Şertnamalara gol çekmeklige gorkmaň, bu gün ýyldyzlar size bähbitliligi, girdejileri we howpsuzlygy güwä geçýär. Eger siz geçmişe “dolanmak” isleseňiz, ilki bilen häzirki wagtda ýanyňyzda bolan adama aýratyn mähir beriň. Bu gün seretanlaryň özlerini diýseň keýpsiz duýmaklygy ahmaldyr.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esediň bar bolan topary näme bilen meşgullanýan hem bolsa bu gün olar uly şowlulyklara eýe bolar. Goý ol sport ýaryşy bolsun, ýa döredijilik meýilnamasy bolsun, tapawudy ýok. Eger-de esediň känbir puly ýok hem bolsa, oňa özüniň islegine görä bu gün agşamlyk rahatlanyp, biraz özüne seretmegi maslahat berilýär. Täze, üýtgeşik tagamlary taýýarlamaklyk bu gün esetlere maslahat berilmeýär. Çünki negözel önümleriň zaýalanmagy gaty ahmaldyr.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün sünbüleleriň ýüreginde diňe güneş lowurdap durar. Bu bolsa siziň töweregiňizdäkilere hem täsirini ýetirer. Çünki siz öz barlygyňyz bilen beýlekilere şatlyk getirersiňiz. Özüňizi ölçermek üçin gowy gün. Ýönekeýje soraglar-da sizi gyjyndyrmagy mümkin. Eger-de siz özüňiziň we töweregiňizdäkileriň keýpini gaçyrmajak bolsaňyz, adamlara, esasan hem öz çagalaryňyza dogruçyllygyňyzy we sabyrlylygyňyzy saklaň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Şu gün size ýamanlyk isleýän adamlaryň ählisine “jogap berip” bilersiňiz. Ýöne olara ýamanlyk bilen däl-de, gülki, şatlyk, ýylgyryş bilen jogap beriň. Bu zada ol çydap bilmez. Eger-de siziň keýpiňiz gaçjak bolsa, onda bu gün ony öz söýgüli aýdymyňyz bilen aňsatlyk galdyryp bilersiňiz. Mizanlar bu gün täze adamlar bilen tanyşyp bilerler.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün akraplar irden gözlerini açanlaryndan düşnüksiz, diýseň gowy energiýanyň gelendigini duýarlar. Siz ony hemmetaraplaýyn peýdalanmalysyňyz. Bu gün siz özüňize ýamanlyk isleýänler bilen biraz “oýnaşmaklyga” gorkmaň. Üstünlik siziň tarapyňyzdadyr. Bu gün kiçijek zat hem bolsa, dostuňyza kömek ediň. Bu siziň gatnaşygyňyzy has-da gowulandyrar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslar, eger birneme rahatlanmak isleseňiz, islän ýeriňize gidip bilersiňiz, ýöne ýanyňyz bilen iň ýakyn doslaryňyzy almaklygy unutmaň. Kowuslar bu gün özlerine kömek soraýanlara diýseň ünsli garamalydyrlar. Biderek gabanjaňlyk bu gün kowuslary yzarlar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Iş günüňiz diýseň çalt geçer we size lezzet berer. Bu gün jediler diýseň hüşgär bolmalydyrlar, esasan hem ýolda. Jediler geçmişdäki söýgülerini ýatlap keýplerini gaçyrmaklary mümkin.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

“Hemme zadyň gowy bolup gutarmagy gowy” bu gün daluwlar şu pikir bilen ýatarlar. Daluwlara bu gün öz arzuwlaryna ýetirýän sähelçe-de bolsa bir zady etmek peýdaly bolar. Bu gün hiç bir zady ýarty güýç bilen etmäň. Çünki soňundan özüňiziň kösenmegiňiz diýseň ähtimaldyr.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün balyklar özlerini birneme birahat duýup bilerler. Bu agşamlyk balyklar öň hiç haçan bolmadyk berlerine barmaklary gaty ahmaldyr. Balyklar bu gün dyrmuşda işden başga-da köp zatlaryň bardygyny ýatlaryna salmalydyrlar.

 

Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halakara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

 

Atavatan Krosswordy ilkinji bolup Çözüň: Sowgady utuň!

 

Ýyldyzlar näme diýýär: Täleýnama barada maglumatlar

 

 

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär