Angliýada geçirilen täze gözlegler ukynyň dowamlylygynyň adamyň saglygyna edýän täsirini ýene-de bir gezek ýüze çykardy. Geçirilen gözleglere görä, 50 ýaşdan geçen adamlar bir gije 5 sagat ýa-da ondan az uklaýan adamlar birden köp dowamly saglyk näsazlyklaryny başdan geçirip bilerler. Saglyk bilen bagly käbir näsazlyklar töwekgelçilikli ýaş bilen ýokarlanýar.
Gözlegleriň çäginde, 50 ýaşyndaka we dowamly keseli bolmadyk takmynan 8 müň döwlet işgäriniň maglumatlary barlandy. 25 ýyl bäri alymlar gatnaşyjylardan her 4-5 ýyldan kliniki synaglarda näçe sagat uky alýandyklaryny habar bermeklerini haýyş etdiler. Birnäçe dowamly kesellere ýolugmak howpunyň bir gije azyndan ýedi sagat uklaýanlara garanyňda 30 göterim ýokarydygy anyklandy. Bu töwekgelçilik 60 ýaşda 32 göterime, 70 ýaşda bolsa 40 göterime çenli ýokarlanypdyr.
Ýokary töwekgelçilikli dowamly kesellere süýji keseli, düwnük, insult, ýürek ýetmezçiligi, dowamly böwrek keseli, depressiýa, demans we beýleki birnäçe keseller degişlidir.
Gözlegçiler, täze gözlegiň, ukynyň dowamlylygyna we hiline täsir edýän özüni alyp baryş we daşky gurşaw şertlerini nyşana alyp, gowy ukynyň ösdürilmegini goldaýandygyny bellediler. Sebäbi uky dowamly keseller bilen baglanyşyklydyr.
Ogultäç SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.
